Russiýa Android-e bäsdeş bolýar! Aurora OS ýakyn wagtlarda geler.

Ukraina garşy söweş açsnsoň agyr ýaralanan Russiýa sanksiýalaryň nyşanyna öwrüldi. Russiýa indi Aurora operasiýa ulgamyny döredýär.

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruş sebäpli Amerikan kompaniýalary Russiýa sanksiýa girizip başlady. Google hem bu sanksiýa çekenleriň arasynda. Bilşiňiz ýaly, Amerikanyň ambargosy zerarly Android lisenziýasyndan mahrum bolan Huawei kompaniýasy HarmonyOS operasiýa ulgamyny döredip enjamlaryny geçirmäge başlapdy. Indi şuňa meňzeş hereket Rossiya tarapyndan gelýär. Russiýa Aurora operasiýa ulgamyny resmi taýdan synagdan geçirip başlandygyny habar berdi.

Beýannamalara görä, Innopolisden we Kazandan täze gatnaşyjylar Russiýanyň ilkinji mobil operasiýa ulgamyny synamak üçin çagyryldy. Şereketiň Aquarius NS 220 planşeti synag üçin enjam modeliniň hataryna goşuldy. Beta synagyna gatnaşmak üçin auroraos.ru/beta baglanyşygyna gidip, hasaba alynmaly. Ýöne bu beta synagy diňe Russiýada ýaşaýan ulanyjylara degişlidir.

Şeýle uruş ýagdaýlarynda her ýurdyň öz operasiýa ulgamlarynyň bolmagy zerurlygy ýene-de bir gezek şaýat bolduk. Russiýanyň öz mobil operasiýa ulgamy Android-yň forku (Google degişli bolmaýan açyk bölümi) bolsa-da, özleriniň milli Operasiýa Ulgamy bolany üçin has ygtybarly tejribe hödürlär. Iň bärkisi, ruslar üçin şeýle bolar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top