Mobil telefonlaryň 49 ýylyk taryhy we geçiren ewolýusiýasy.

Häzirki wagtda smartfonlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, ýöne ýakyn taryhda şeýle enjamlar hatda ýokdy. 1990-njy ýylda mobil ulanyjylaryň sany 11 million töweregi bolup, 2020-nji ýyla gelip bu san 2,5 milliarda çenli ýetdi. Bu ýere nädip ýetdik? Geliň Mobil telefonlarynyň taryhyna göz aýlalyň.

Ilkinji portatiw mobil telefon 1973-nji ýylda Motorola tarapyndan döredildi. 1973-nji ýylyň 3-nji aprelinde Motorolanyň injeneri Martin Kuper DynaTAC 8000X portatiw telefonda ilkinji gezek jaň etdi. Ulanylan prototipiň agramy 2,4 funt (1,1 kg) we ölçegi 23 x 13 x 4,5 sm, bolup onda bary-ýogy 30 minut gürleşip bolýardy we zarýad gaytadan dolmagy üçin 10 sagat gerek bolýardy. DynaTAC-yň bahasy şol wagt 3,995 dollar, häzirki hasapda 10 000 dollar bolan .

1985-nji ýyla gelip Siemens çemodan görnüşinde “Siemens Mobile Telefon C1” -i hödürledi.

Iki ýyldan soň, 1987-nji ýylda, Nokia ilkinji mobil telefony Mobira Cityman 900-i hödürledi. Telefonyň agramy batareýasy bilen bary-ýogy 800 gram bolup şol döwürde gymmat we eksklýuziw hasaplanýardy.

Bir ýyldan soň, 1988-nji ýylda, Samsung ilkinji mobil telefonyny SH-100-i hödürledi. Bu Koreýada öndürilen ilkinji mobil telefonydy.

Kerpiç ýaly köp sanly uly agyr telefondan soň, Motorola özünüň MicroTAC eplenýän dizaýnly telefony bilen telefon bazaryna täzelik getirýär.

Şeýlelik bilen, 90-njy ýyllara gelip telefon korpuslary kiçeldi we antenalar has ýuka we kiçeldi. 1992-nji ýylda çykarylan Nokia 1011 ilkinji köpçülikleýin öndürilen GSM (2G) telefony boldy.

Ilkinji smartfonlar haçan çykdy diýip pikir edýärsiňiz? . 2000-nji ýyllardan ozal döredilipdi. Ilkinji smartfon köpleriň pikir edişinden ozal IBM tarapyndan 1994-nji ýylda hödürlenipdi we ol şereketiň “Simon” programmasy we sensorly ekrana eýedi. Şol döwür adamlar smartfona taýýar bolmadygyndanmy smartfonyň ir çykmagy bazarda trend bolmady (tutmady) , tersine, ýönekeý düwmeli telefonlar has meşhur bolmagyny dowam etdirdi.

1996-njy ýylda Motorola ilkinji wibratsyýaly StarTAC telefonyny çykardy.

Şol ýyl Nokia ilkinji QWERTY klawiaturaly Communicator 9000 telefonyny hödürledi. Klawiaturadan başga-da, telefon e-poçta, web brauzeri, faks we sözleri gaýtadan işlemek ýaly köp biznes bilen baglanyşykly funksiýalary hem goldaýardy.

Daşarky antennasyz ilkinji telefon 1997-nji ýylda çykdy: Hagenuk GlobalHandy, 1988-nji ýylda bolsa Siemens S10 reňkli ekranly ilkinji jübi telefony işe girizildi. Şol ýyl üçünji nesil mobil ulgamyň (3G) işe girizilmegi ýene bir möhüm tapgyr boldy.

Bir ýyldan soň Motorola Timeport 3G-ni goldaýan ilkinji telefon boldy. Motorola bu täze tehnologiýany telefonlaryna hödürlän ýeke-täk kompaniýa däldi.

Nokia 7110, internete girýän brauzeri bolan ilkinji ykjam telefony çykardy.

1999-njy ýylda Samsung MP3 pleýer bilen telefony birleşdirýän aýdym diňlemek mümkinçiligi bolan 2si 1de bolan Samsung SPH-M100 Uproar-y hödürledi.

Nokia-nyň 5210 telefony, suw geçirmeýän korpusy bilen şol ýylyň ýene bir täzeligidi.

Ýene-de şol ýyl dünýäde ilkinji GPS aýratynlygyna eýe Benefon Esc tanyşdyryldy.

Häzirki zaman smartfonlarynyň göz öňüne getirip bolmajak aýratynlygy bolan kameralar ilkinji gezek Kyocera VP-210 VisualPhone bilen çykdy. Öň tarapynda 0,110MP kamerasy bardy. Hawa, 1999-njy ýyl telefon bazary şeýle inowatsiýalara baý bolan.

21-nji asyrda telefonlar barha kiçelýär. 2000-nji ýylda ähli döwürleriň iň meşhur telefonlaryndan biri bolan Nokia 3310 satuwa çykdy. Soňra, 2001-nji ýylda radio we senenama bolan ilkinji telefon Nokia 8310 we Bluetooth-y goldaýan ilkinji telefon: Ericsson T39 çykdy.

2005-nji ýyla gelip ilkinji suw geçirmeýän telefon çykdy. Casio G’zOne bir metr suwuň aşagynda durup bilýärdi.

Mobil telefonlarynyň taryhynda iň uly wakalardan biri 2007-nji ýylda bolupdy. “IPhone 2G diýlip atlandyrylýan ilkinji iPhone çykdy we köpler sensorly interfeýsiniň peýdasyna enjamyň köp fiziki düwmeleriniň aýrylandygyna geň galdylar.

Bir ýyldan soň ilkinji Android telefony HTC Dream çykdy.

Bir ýyldan soň, Samsung ilkinji Galaxy smartfony : Samsung GT-I7500-i hödürledi.

2010-njy ýylda Sony Ericsson ykjam oýun bazaryny nyşana aldy we oýun tejribesine gönükdirilen oýun konsolyna meňzeş Sony Ericsson Xperia Play döretdi.

2011-nji ýylda Xiaomi ilkinji smartfony Mi 1-y çykardy.

2013-nji ýylda Apple barmak yzyny tanamak tehnologiýasy bolan iPhone 5S smartfonyny hödürledi.

2014-nji ýylda OnePlus-yň ilkinji smartfony One Plus One tanyşdyryldy.

2015-nji ýylda Samsung egrilen ekrany bolan ilkinji smartfon Galaxy S6 Edge-ni hödürledi.

Google-nyň ilkinji smartfony Pixel seriýasy däldi 2015-nji ýylda Nexus 5X-i tanyşdyrdy.

2016-njy ýylda Apple nauşnik jac girişi bolmadyk ilkinji smartfony IPhone 7 Plus-y çykardy.

2017-nji ýylda Asus ilkinji 8 Gb RAM-ly Zenfone AR-y hödürledi,

Nokia, 3310 telefonynyň täzeden işlenen görnüşini çykardy.

Apple-niň ilkinji simsiz zarýad beriji iPhone 8,

We Touch ID-iň ýerine ýüz tanamak tehnologiýasy Face ID-e eýe iPhone X smartfonyny hödürledi.

Şol ýyl goşa ekranly ZTE Axon M tanyşdyryldy şol döwürde rewolýusion täzelikdi.

2018-nji ýylda ilkinji üç kamerasy bolan Huawei P20 Pro smartfony çykdy.

Şol ýyl ilkinji ekranyň aşagynda barmak yzy datçigini öz içine alýan Vivo X20 Plus UD hödürlendi.

2019-njy ýylda 5G ulgamy işe girizildi we ilkinji 5G bilen işleýän Samsung Galaxy S10 5G smartfonlary çykdy.

Şol ýyl hakyky eplenýän Samsung Galaxy Fold smartfony çykaryldy.

Ilkinji 108MP kamera datçigi bolan Xiaomi Mi Note 10 hem 2019-njy ýylyň soňky çärýeginde çykdy.

2020-nji ýylda ZTE ilkinji ekran asty selfy kamerasy bolan ZTE Axon 20 5G we 144Hz ekran täzelenmesi bolan Nubia Red Magic 5G smartfonlary çykdy.

OnePlus dünýädäki ilkinji AR (giňeldilen reýallyk)-a eýe One Plus Nord smartfonyny tanyşdyrdy.

Şeýle hem, LG 2020-nji ýylda T şekilli goşa ekranly Wing 5G smartfonyny tanyşdyrdy.

2021-nji ýylda dünýäde ilkinji 1TB içerki ýady bolan ZTE Axon 30 Ultra hödürlendi.

Şol ýyl Oppo giňelýän ekranly Oppo X smartfonynyň konseptini görkezdi.

Xiaomi özüniň ilkinji ekran asty selfy kameraly Mi Mix 4 smartfonyny satuwa çykardy.

Samsung üçünji nesil Galaxy Z Fold we Z Flip smartfonlaryny hödürledi.

2022-nji ýylda, Xiaomi, smartfona 15 minutda 100% zarýad bermäge mümkinçilik berýän 120W zarýad beriş tehnologiýasy bolan Xiaomi 11i çykardy. Ine, biziň häzirki günlerimize hem geldik, ýylyň galan böleginde haýsy smartfonlaryň taryhda çuňňur yz galdyrjakdygyny aýtmak kyn. 50-ýyllyk Ewolýusiýadan soň hem ýakyn geljekde smartfonlarda görjegimiz täzelikler bar. Ilkinji 200MP kameraly smartfon eýýäm taýýar, SIM karta ýeri bolmadyk ilkinji e-sim bolan smartfon, dürli böleklere bölünip bilýän smartfon, içki dron kameraly smartfon we ş.m. … Bize syn etmegi dowam ediň.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top