Delta öz uçarlarynda Starlink internet hyzmatyny synagdan geçirýär.

Delta howa ýollary kompaniýasy uçarlarynda ýolagçylaryna internet hyzmatyny bermek üçin SpaceX -iň Starlink hemra internet hyzmatyny synagdan geçirýändigini habar berdi.

Delta Air Lines -iň baş direktory Ed Bastian, SpaceX -iň Starlink hemra internet hyzmatyny geljekki ýolagçylara simsiz hyzmat hökmünde synagdan geçirýändigini mälim etdi. Bastian bu taslama barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne SpaceX-iň ýerine ýetiriji müdiri Jonatan Hofeller geçen ýylyň ortalarynda kompaniýanyň birnäçe awiakompaniýa bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.

Elon Musk, Hofelleriň beýanat beren günlerinde sosial media hasabynda , Starlink hemra interneti her uçar görnüşi üçin sertifikat berilmelidigini aýtdy we gözlegleriň ilki Boeing 737 we Airbus A320 uçarlary üçin geçiriljekdigini aýtdy, sebäbi bu model uçarlar has köp adama hyzmat edýär.

Delta häzirki wagtda ýolagçylaryna takmynan 300 uçarda Viasat -yň giň zolakly hemra internet hyzmatyny hödürleýär. Kompaniýa täze synaglary bilen Starlink -e geçmäge başlaýar. Bar bolan uçarlaryň Starlink enjamlary bilen enjamlaşdyrylmalydygyny göz öňünde tutulsa , uçarlaryň bortynda hyzmat edip başlamagy üçin birnäçe ýyl gerek bolup biler.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top