130 million ulanyjy bilen Google Play Store -nyň iň uly alternatiwalarynyň biri bolan Uptodown iň meşhur smartfon kompaniýalaryny yglan etdi.
Çip krizisi we pandemiýa ýaly sebäpler zerarly kiçelen smartfon pudagy soňky döwürde dikelip başlady. Çip krizisiniň getiren kynçylyklary henizem dowam edýärkä, pandemiýanyň pudaga edýän täsiri azaldygyça smartfon bazarynda iberiş köpelmäge başlady. Geçen ýyl bu ugurda soňky 5 ýylda ilkinji gezek ösüş hasaba alyndy.
Smartfon kompaniýalary, bäsdeşlerinden öňe geçmek we smartfon bazaryndan uly paý almak üçin ulanyjylara täze aýratynlyklar goşup günsaýyn täze önümlerini hödürlemegi dowam etdirýärler. Häzirki wagtda bu pudakda iň halanýan smartfon öndürijileri haýsylar? Uptodown yglan etdi.
130 million ulanyjy bilen Google Play Store-nyň iň uly alternatiwalarynyň biri bolan Uptodowniň meşhur smartfon kompaniýalaryny açýan gözlegiň netijelerini yglan etdi. Netijelere görä, iň köp halanýan öndüriji 31,62 göterim bilen Samsung boldy. Günorta Koreýa kompaniýasyň yzyndan bolsa ulanylyş derejesi 16,31 göterim bolan Xiaomi gelýär.

ABŞ-nyň sanksiýalarynyň kölegesinde işini dowam etdirýän Huawei, ulanylyş derejesi 11.07 göterim bilen sanawda üçünji ýeri eýeledi. OPPO 5,17 göterim bilen dördünji, ýakynda eplenýän smartfon bazaryna giren Vivo kompaniýasy bäşinji ýerde durýar.
Mundan başga-da, Uptodown iň halanýan internet brauzerlerini hem yglan etdi;
1.Google Chrome – yüzde 83,6
2.Samsung Internet – yüzde 5,15
3.Opera – yüzde 1,45
4.Mozilla Firefox – yüzde 1,28
5.UC Browser – yüzde 0,81
Bu meselede näme pikir edýärsiňiz? Haýsy smartfon kompaniýasyny has gowy görýärsiňiz?
Pikirleriňizi teswirlerde galdyryp bilersiňiz.
