Meta kompaniýasynyň Russiýada durmuşa geçiren syýasatyndan soň, sosial media platformalaryndan peýdalanmak wagtlaýynça togtadyldy. Şondan soň ruslar ýerli we milli taslamalaryny orta goýmaga başladylar. Facebook eýýäm Russiýada VK “B Kontakte” bilen çalşyryldy. Indi Instagram-yň nobaty ýaly.
Ruslar üçin Instagram -yň ýerli platformasy bolan Rossgram-yň döredendiklerini resmi telegram kanalynda yglan etdiler. Ilkinji ulanyjylar Rossgram ulgamynda peýda bolmaga başlady.
Rossgramyň döredijileri; “Rossgramda eýýäm hasaba alnan birinjilere hoş geldiňiz! , Ýok bu entek beta wersiýa däl. Önüm henizem ösdürilýär “-diýdi. Entek Ruslaryň Instagram-ynyň çykmagyna köpräk garaşmaly bolarys.
Rossgram.ru/ak13-iň adyny we salgysyny saýlap alan rus çempiony we sport ussady Alekseý Kolesnikow Rossgramyň birinjilerden sahypasyny aldy. Görnüşe görä Rossgramyň köpçülige açyk beta synagynyň başlanjakdygyna meňzeýär. Öňräk Rossgramyň aprel aýynda resmi taýdan çykarylmagyna garaşylýandygy habar berilipdi.

Sosial ulgamlar babatda Russiýanyň gaty gowy ädim ädendigini aýdyp bileris. Bilşiňiz ýaly, maglumatlar derňewi sosial ulgamlardaky alyp barşymyz we paýlaşmalarymyz analiz edilip bilnýär. Muny ýakynda Facebook skandaly bilen gördük. Amerikan saýlawlaryna täsir eden we Trump-ny häkimiýete getiren bu skandaldan soň her bir ýurt öz sosial ulgamyny yglan etmeli we elýeterli etmeli. Hususan-da, ABŞ-de şahsy maglumatlaryň toplanmagy sowuk söweşde ABŞ-a uly artykmaçlyk berip biler.
