Hytaýyň çäginde diňe iPhone önümçiligine gönükdirilen ullakan zawod we ýaşaýjylary bu zawodyň işgärlerinden ybarat iPhone City bar.
Çengzhu ýa-da Cingco ýaly ady geçýän 10 milliondan gowrak ilaty bilen tanalýan Hytaýyň şäheridir. Bu şäheriň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, Appleniň öndürijisi bolan uly şerekelerden Foxconn kompaniýasynyň “Foxconn Zhengzhou sience Park” fabrikasynyň ýerleşýänligidir. Bu ýerli hökümetiň 1,5 milliard dollardan gowrak goldaw berýän Foxconn -yň zawodynda 350 müňden gowrak işgäri käwagt 1,3 milliondan gowrak işgäre ýetip bilýär. Bu 350 müňden gowrak işgärleriň diňe bir maksady bar. Apple-iň iPhone smartfon modellerini öndürmek. 2010-njy ýylda 600 million dollarlyk ilkinji maýa goýum bilen döredilen bu zawotda, talap bolsa bir günde 500 müňden gowrak iPhone öndürilip bilner. Bu ýerde 400 dürli ädimden ybarat ýörite iPhone montajy amala aşyrylýar.
Zhengzhouou soňky ýyllarda öz çäginde “iPhone City” diýlip atlandyrylýan mikroraýon bilen tanalýar. Sebabi şäherdäki işçi güýjüniň möhüm bölegi, iPhone öndürilen bu zawodda işleýär we bu adamlaryň köpüsi zawodyň töwereginde gurlan 10-12 gatly binalarda ýaşaýarlar.IPhone City fabrikanyň we Apple-niň artýan talaplaryna baglylykda üznüksiz ulalalýanlygy aýdylýar.
Zawodyň golaýyndaky “iPhone City” içersinde işgärleriň isleglerini kanagatlandyrjak köp kärhana iş ýerleri bar. Işgärler iýmäge, filmlere ýa-da massaja gelip bilerler. Elbetde, erkekleriň we aýallaryň san taýdan deňräk bolan bu şäher lýyks durmuş ýaşamaýarlar. Sebitde habar taýýarlaýan jurnalistleriniň aýdyşyna görä “IPhone City” -de, durmuş zawod we iş wagtyna baglylykda sazlanýar. Zawod işleýärkä, şäherde hiç kim ýok diýen ýaly, dükanlaryň köpüsi ýapyk bolýar.

iPhone City-niň ilatynyň üýtgeýiş derejesi gaty ýokary. Sebäbi iPhone zawody iň köp işgär bilen yzygiderli işlemeýär. Zawod tomus aýlarynda iň ýokary nokada ýetýär. “Apple” her ýyl täze iPhonelerini Sentýabr aýynda tanadýanlygy üçin uly göwrümli önümçilik tomus aýlarynda başlaýar.
Appleniň İPhoneleriň Hytaýda öndürmeginiň arkasynda köpçülügiň takımın edişinin tersine arzan düşen önümçilik ýer almaýar. Tim Kuk – Apple-ni indiki derejä çykarýan zehin atly kitabynyň ýazyjysy Leander Kaheny, “Foxconn” -yň üstünliginiň açary arzan zähmet däl-de, çeýeligi boldy, diýýär we Foxconn şäherçesi sebitde ýaşaýan ýüzlerçe müň işgäriň içinden Bir gijede montaj işgärleriniň goşunyny ýygnamagy başaran kompaniýa diýseň çeýedi. Foxconn on müňlerçe goşmaça işgäri hakyna tutup, zerur bolmadyk halatynda derrew işden çykaryp bilýärdi. Ýaş işçiler uzak oba ýerlerden gelýär. Şonuň üçin işgärleriň işi näçe agyr bolsa-da, işinden aýrylmagy we öýlerine dolanmagy aňsat däldi.
Apple”-iň uzak wagtlardan bäri baş direktory bolup gelýän we Apple-iň Hytaýyň önümçilik liniýalaryny ýola goýan Tim Kuk Söhbetdeşlikde Hytaýda önümçilik ulgamlarynyň köp ösendigini we önümçilik öňküsi ýaly arzan däldigini, önümçilik sehleri we bu sehleri bilýän işgärler taýdan sebitiň diýseň gowy netijelere ýetendigini aýdypdy.

2018-nji ýylda metbugat işgärlerine interwýu beren işgärleriň beýanyna görä, Zhengzhouou şäherindäki “iPhone” zawodynda başlangyç aýlygy takmynan 298 dollar. Emma işçileriň köpüsiniň iş wagtyndan has ýokarydygy aýdylýar. Köp adamyň ýokary iş wagty bilen aýlyk girdejisini takmynan 670 dollara çenli artdyryp biljekdigi aýdylýar.
Foxonyň IİPhone öndürýän zawodynda Umuman alanyňda, 18-25 ýaş aralygyndaky işçiler işleýär. 18 ýaşa çenli (stajçy) okuwçylaram hem köp. Zawod, çaltlygy talap edýän we has köp gaýtalanýan önümçilik prosesine çydap bilýän ýaşlardan durýar.Bir işgäriň aýtmagyna görä zawodyň iň erbet ýeri İPhone Montaj liniýasydyr. Bu ýerdäki adamlar her gün, 8-10 ýa-da 12 sagatlap şol bir zady edýärler diýilýär. Bu Akyl we fiziki taýdan ýadatýar. Şol sebäpli “Foxconn Zhengzhou Science Park” we “iPhone City” geçmişde ençeme gezek gaty erbet habarlar çykýardy. Sebitdäki köp işgär, islegi kanagatlandyrmak üçin “mejbury” iş wagtyndan soň işlemegi üçin gozgalaň turuzdy, käbir işgärler öz janyna kast etmek bilen ömrüni soňladylar.
Bu janyna kast etmek synanyşyklarynyň köpüsi öýleriniň penjiresinden ýa-da balkonlaryndan özlerini taşlamak görnüşinde bolup geçdi.

Köpçülikleýin önümçilige bagyşlanan durmuş göreşi dowam edýän, IPhone şäheri ýene gün tertibine geldi. Sebäbi “Apple” soňky hepdelerde “Foxconn” -dan Zhenzhou fabrikasına İPhone 14-seriýasynyň önümçiliginde gerek boljak işgärleri irräk işe alnyp başlamagyny isledi. Emma “Foxconn” bu sebitde güýçli karantin başlandygy sebäpli muny edip bilmedi.Şonuň üçin kompaniýa belli bir wagta çenli işgärleriň işe alynmagyny bes etmeli boldular.Hytaýda Covid-19 ýokanç keseli ýene-de ýüze çykýar we ýurt epidemiýany ýok etmek üçin gaty karantin çäreleri görýär.
Hytaýda ýerleşýän “Foxconn” -y öz içine alýan köp sanly kompaniýa epidemiýa garşy girizilen gadaganlyklara duçar bolmazlyk üçin köp reaksiýa döreden ýapyk ulgam önümçiligine geçýärler. Bu ulgamda işgärleri degişli zawodlarda Apple önümçilik fabrikalery ýaly daşardan izole görnüşünde ýaşamaly we işlemeli bolar. Bu iş usuly bilen kesele ýolugmazlyk ýollary synag edilýär. Emma bu waka işgärleriň durmuşyny gaty kynlaşdyrýar. Şeýlelik bilen käbir fabrikalarda eýýäm gozgalaň turuzýandygy ýüze çykýar.
Netijede köp ýyl bäri aktiw tükeniksiz önümçilik we sarp ediş endigimiziň, käbirler kyn şertlerde ejirini çekýärler. Bu düzeniň ýakyn wagtda üýtgemegi ähtimaldygy ýok.
