Kosmosda dynç alyş indi hyýal däl. Kaliforniýada ýerleşýän The Gateway gaznasy bilen baglanyşykly Orbital Assembly Corporation iki kosmos stansiýasyny gurmak arkaly turistletiň galyp bilýän myhmanhana taslamasyny 2025-nji ýylda durmuşa geçirjekdigini mälim etdi.
Dünýäniň iilkinji kosmos myhmanhanasy OAC 2025-nji ýylda 28 adama niýetlenen Pioner Station-y açmaga taýynlanýar.
Voyager Station diýlip atlandyrylýan has uly stansiýa bolsa 400 adamy kabul eder we 2027-nji ýylda ilkinji myhmanlaryny kabul eder.

Öňki beýannamasynda birinji bekediň 2027-nji ýylda açyljakdygyny mälim eden kompaniýa açyljak senäni has ir 2025-nji ýyla çekdi. CNN-iň habaryna görä şereket turistlere ofis we ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etjek “Biznes park” etmegine garaşylýar.
Kompaniýanyň dolandyryjy müdiri Tim Alatorre
“Biziň maksadymyz, kosmosda hemişe köpräk adam ýaşamak üçin amatlylyk we ösüşi üpjün etmekdi” diýýär. Alatorre, Pioner stansiýasy emeli agyrlyk (ýeriň çekiş) güýjüne eýe bolar adamlaryň iň ýokary derejede kosmos tejribesini başdan geçirjekdiklerini mälim etdi.
