Smartfon satyn alanymyzda üns bermeli köp zady bar. Satyn aljak telefonlarymyzyň tizligi, batareýanyň gowy gitmegi, smartfonyň Android-yň soňky wersiýalaryna täzelenme almagy we başga-da birnäçe aýratynlyklaryny gözden geçirýäris.
Bu makalamyzda Smartfonlary aýratynlyklaryna we mümkinçiliklerine görä deňeşdirýän we reýtingler döredýän AnTuTu, çeşmesine salgylanyp iň güýçli 10 Android smartfonlarynyň sanawyny dykgatyňyza hödürleýäris.
Android smartfon modelleriniň arasynda bäsdeşlik barha gyzyşýar. Häzirki wagtda sanawda iň ýokary bal gazanan smartfonlaryň AnTuTu bal derejesi iň ýokary 1 million bal derejesinde ýetýär. Bu geçen ýylky sanawdaky iň ýokary bal 980 müň derejelerindedi. Indi Android operasiýa ulgamynda maý aýynyň iň ýokary bal toplan modellere göz aýlalyň.

1.Red Magic 7 (SD 8 Gen 1) 18GB RAM – 256GB ÝAT – 1,038,771 bal
2.Redmi K50 Pro (M. Dimensity -9000) 8 Gb RAM – 128 Gb ÝAT – 986,840 bal
3.Xiaomi Mi 12 Pro (SD 8 Gen 1) 12 Gb RAM – 256 Gb ÝAT – 982,228 bal
4.Motorola Edge 30 Pro (SD 8 Gen 1) 12 Gb RAM – 1TB ÝAT – 977,395 bal
5.Realme GT 2 Pro (SD 8 Gen 1) 12 Gb RAM – 256 Gb ÝAT – 969,916 bal
6. iQOO 9 Pro (SD 8 Gen 1) 8 Gb RAM – 256 Gb ÝAT – 954.336 bal
7. Xiaomi Mi 12 (SD 8 Gen 1) 8 Gb RAM – 256 Gb ÝAT – 948,391 bal
8.Samsung Galaxy S22 Ultra 5G (SD 8 Gen 1) 12 Gb RAM – 512 Gb ÝAT – 942,849 bal
9.Samsung Galaxy S22 Ultra 5G (Exynos 2200) 12 Gb RAM – 512 Gb ÝAT – 914,476 bal
10.Samsung Galaxy S22 Plus 5G (SD 8 Gen 1) 8 Gb RAM – 256 Gb ÝAT – 905,520 bal
