YouTube wideolardaky iň gyzykly ýerlerini belläp görkezer.

YouTube indi web platformasyndaky we mobil programmalardaky wideolaryň “iň köp gaýtalanýan” böleklerini aýyryp görkezýär. Bu aýratynlyk ozal “YouTube Premium” abonentleri üçin tejribe hökmünde elýeterli bolupdy, indi ähli ulanyjylar üçin işe girizilýär. Bu aýratynlykda, ulanyjylar paneliň arkasynda görünýän grafikden wideonyň iň meşhur böleklerini kesgitläp bilerler.

“Grafika ýokary bolsa, wideonyň şol bölegi ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Şol pursatlary çalt tapmak we tomaşa etmek üçin grafikany ulanyp bilersiňiz.”diýýär YouTube

Ýene bir täze Single Loop funksiýasy ulanyjylara wideony çäksiz gaýtalamak mümkinçiligini berer. we oňa wideo hilini sazlamaga ýa-da subtitrleri açmaga mümkinçilik berýän menýudan girmek mümkin.

Şeýle hem, YouTube-nyň başga bir täze aýratynlygy synap başlaýandygy mälim edildi. Wideony görmek isleýän ýeriňizi anyk tapmaga mümkinçilik berýän bu aýratynlyk, YouTube Premium abonentleri üçin synag hökmünde ýakyn wagtda peýda bolar diýlip garaşylýar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top