Superflagmanlar üçin täze çipset.

Snapdragon 8 Gen 1 chipseti geçen ýyl tanyşdylandan soň köp sanly Android smartfonyny ýokary derejä çykardy. Düýn bolsa has gowylandyrylan wersiýasy Snapdragon 8 Gen 1 plus protsessoryny tanyşdyrdy.

CPU we GPU öndürijiligi 10 göterim çaltlaşdyran we öňküsinden 30 göterim az energiýa sarp etjek täze Snapdragon 8+ Gen 1 çipseti umumy 15 göterim gowulaşdy we batareýanyň güýji az sarp eder. Has düşünerli aýtsak, täze çipsetli smartfonda, öňkisinden 1 sagatdan gowrak wagtlap oýun oýnamaga ýa-da ondanda has uzak wagtlap wideo strim etmäge mümkinçilik berýär. Habar berlişine görä, şereket şunuň ýaly netijäni gazanmak üçin çipsetiň öndürýän zawodyny Samsung Foundry-dan TSMC-e üýtgedipdir. Çipsetiň öňküsi ýaly sekuntda 10 GB tizlikli 5G göçürip almak tizligi we 8K wideo düşüriş tizligi üýtgemedi. Qualcomm täze çipsetli superflagmanlaryň şu ýylyň üçünji çärýeginde çykjakdygyny aýtdy.

“Superflagmanlar üçin täze çipset.” için 1 yorum

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top