Qualcomm mobil enjamlar üçin täze we öňküsinden ep-esli gowulaşdyrylan Snapdragon 8+ Gen 1 çipsetini resmi taýdan tanyşdyrylandan soň, birnäçe smartfon öndüriji kompaniýalar täze yonga bilen çykjak indiki smartfonlaryny yşarat edýän tizer suratlaryny paýlaşyp başlady.

Xiaomi we Motorola, ilkinjilerden täze çipset bilen enjamlaşdyrylan smartfonlarynyň çykýandygyny görkezýän afişalary Weibo sahypalarynda paýlaşanlaryň arasynda. Xiaomi öz afişasynda Snapdragon 8+ Gen 1 bilen indiki flagman çykarjakdygyny aýtýar we bu köpden bäri myş-myş edilýän 12 Ultra bolup biler. Motorola hem öz tizerinde täze çipsete salam berýär, we häzirlikçe belli bolmasa-da kompaniýanyň 200 megapiksel sensorly kamera bilen çykmagyna garaşylýan Frontier smartfony täze çipseti ilkinji kabul etmegi mümkin.

Realme we IQOO hem köp wagt geçmän öz tizer suratlaryny resmi sahypalarynda ýerleşdirdiler. Görnüşi ýaly Snapdragon 8 + Gen 1 çipsetine eýe birinji smartfony GT 2 Master Explorer Edition bolar. iQOO täze çipsetiň haýsy smartfonda ulanyljakdygyny aýtmasa-da iQOO 10 Pro bolmagy ahmal.

“Qualcomm” -yň täze çipsetine başga bir dalaşgäriň OnePlus boljakdygy resmi taýdan yglan edildi. Kompaniýa afişada şu ýylyň üçünji çärýeginde “Snapdragon 8+ Gen 1” bilen täze flagman çykarjakdygyny aýtýar. Nubia hem öz smartfonynda täze çipseti ulanjakdygyny habar berýär.

Asus-yň Rog Phone Nubia-nyň Red Magic geýming smartfonlary özleriniň sahypalarynda täze modellerinde Snapdragon 8+ Gen 1 bilen çykarjaklaryny yşarat edýärler.
Bulardan başga-da Samsung-yň täze eplenýän smartfonlary hem täze çipset bilen çykmagyna garaşylýar.
