Hytaýyň Motorola kompaniýasy dünýäniň ilkinji 200MP kamera datçigi bolan smartfonynyň haçan çykjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Takyk senesi aýdylmasada Weibo sosial ulgamynda ýerleşdirilen resmi tizer plakatynda “200 million pikselli şekiller döwri” iýul aýynda başlar diýilýär.

Rekord derejede kamera sensoryna eýe täze Motorola flagmany bu köpden bäri myş-myş edilýän Frontier bolup biler. Maglumatlara görä Motorola Frontier smartfony Samsung tarapyndan öndürilen 200MP ISOCELL HP1 sensory bilen enjamlaşdyrylar. Sensor piksel birleşmesi we emeli intellekt esasly gaýtadan mozaika algoritmi bilen 12.5MP ýa-da 50MP kadrlary öndürip biler. Şeýle hem 30fps-da 8K wideo ýazgyny goldaýar.

Motorolanyň birnäçe gün ozal Snapdragon 8+ Gen 1 çipsetli smartfon öndürjekdigini yglan edilipdi ol we 200MP datçigi bilen çykjak ikisi bir smartfon bolup biler.

Motorola Frontier-iň gapdallary byraz egrilen 6,67 dýuýmli 144Hz täzelenme tizligi bolan POLED ekrany we 60MP selfi kamerasynyň bolmagyna garaşylýar. Kapot astynda bolsa 8/12GB operatiw ýat we 128 / 256GB ýat bilen 125Watt tizliginde doljak 4500 mAh batareýa kuwwatyna eýe bolup biler.


Dine uly ekranly telefonlar, yokmy 6 inç yada 6,1 inç ekranly bet telefonlar (iphone bashga)…