Samsung tarapyndan işlenip düzülen SAMSUNG ISOCELL HP1 200 megapiksel datçigi bu gezek “More pixels more detail” (Näçe köp Pixel şonça giňişleýin detallar) şygary astynda alnan promo roligi bilen gün tertibine gelýär.
Samsung -yň 200 megapiksel kamera datçigi uzak wagtlap üýtgemän galan 108 megapikselli smartfon pudagyny byraz ýokarlanmagyna getirer. Bu ajaýyp ýokary çözgüdi görkezmek isleýän Günorta Koreýada ýerleşýän tehnologiýa ägirdi prototip 200 megapikselli datçik bilen pişigiň suraty aldy. Bu ýokary megapikseliň artykmaçlygy 28 metrlik örän uly ölçegde hiç hili hilini ýitirmän portret basylmagy boldy.
Beýle ulanyş senariýasy, elbetde, adaty smartfon ulanyjysyny üçin dogry gelmesede möhümi şeýle ýokary hilli telefon kamerasy bilen surada almak mümkin we şeýle suratlary aňsatlyk bilen telefonlarymyzda saklap bijegimizdir.
200 megapikselli bu datçigi ilkinji bolup kim ulanar? Habarlara göra ilkinji bu datçigi ulanjak marka Motorola Frontier smartfonynda ulanar. Iýul aýynda çykmagyna garaşylýan flagman smartfonyň Snapdragon 8 + Gen 1 ýaly iň güýçli protsessory ulanmagy suratlary gowy we tizlikde işlemeginde möhüm rol alýar.
