Ilon Mask

Ýaňy-ýakynda Twitteri satyn almagy bilen gün tertibinden çykmadyk Mask Appleniň önümlerini has gowy görýär. Özü bu hakda maglumat aýtmadyk bolsa-da, dürli wideolarda iPad we iPhone hakda gürleşýänini görülýär.
Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezos haýsy telefony ulanýar?

Jeff Bezosyň ýakyn wagtlarda haýsy smartfony ulanýandygy belli däl. Emma öňki senariýalara seretsek, Blackberry, Samsung we Amazon Fire Phone ulanylýandygy mälimdir.
Tim Kuk

Çak edişimiz ýaly, Apple-niň baş direktory Tim Kuk sanly durmuşyny Appleniň önümlerine bagly. Şonuň üçin iPhone ulanýar.
Xiaominiň baş direktory Lei Jun

Xiaominiň baş direktory Lei Jun Weibo-da ulanan telefonlaryny paýlaşdy. Ol dört sany Xiaomi telefony ulanýar, ýagny Mi 11 Ultra, Xiaomi 12, Xiaomi Civi we Redmi Note 11T Pro.

Bil Geýts ýakynda ulanýan telefonyny aýdy.

Köpler Geýtsiň Microsoft-da öndürilen Surface Duo smartfonyny ulanýandygyny çakladylar. Ýöne hakykatda başgaça bolup çykdy. Meşhur biznesmen eplenýän smartfon bolan Samsung Galaxy Z Fold3-i ulanýandygyny aýtdy. Geýts: “Mende Android Galaxy Z Fold3 bar. Dürli telefonlary synap görýärin. Bu ekrany ulylygyndan aňsat kissämde daşap biljegim noutbuk we telefondyr” diýdi.
Mark Zuckerberg

Zukerbergiň Apple modellerini uzak wagtlap ulanandygy mälimdir. Ýöne Ýoutuber Marques Brownlee’niň wideosyndaky söhbetdeşlikde Samsung ulanýandygyny Munuň sebäbi, ilkinji nobatda, “Android-iň hödürleýän mümkinçilikleri we Facebook ulanyjylarynyň esasan şu ýerde bolmagy” diýýär.
Snapchat-yň esaslandyryjysy Ewan Spigel

Spiegeliň “Phone-ny ulanýandygy hem bilinýär.
Uber-iň esaslandyryjysy Trawis Kalanik:

Kalanik hem iPhone ulanyp ýörkä, birnäçe gezek görnüpdir.
Google-ny esaslandyryjylary haýsy telefony makul bilýärler?

Larri Page we Sergeý Brin dürli wagtlarda dürli android modellerini ulanandygy mälimdir. Bular esasan Googleniň öňki Nexus modelleri ulanýardylar. Häzirki wagtda bolsa Googleniň öz markasy Pixel modellerini ulanýandyklary çak edilýär.
Googlenyň baş direktory Sundar Pichai

Çak edilişi ýaly Pichai Googlenyň soňky önümleri bilen synag geçirýär. Bulara diňe Pixel ýaly telefonlary däl, eýsem Chromebook ýaly enjamlary hem öz içine alýar.
Twitteriň esaslandyryjysy Jek Dörsi:

Dörsi ozal kompýuter ulanmaýandygyny, sebäbi ünsi jemlemeginiň öňüni alýandygyny aýdypdy we ähli işini iPhone model telefonyndan edýändigini aýtdy.
Telegramyň esaslandyryjysy Pawel Durow:

2021-nji ýylda geçirilen sorag-jogap çäresinde Durow özüniň Samsung Galaxy S20 ulanýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, köp halamasa-da programmany barlamak üçin 1 iPhone-sy bolýar.
Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri Warren Baffet:

Baffet birnäçe ýyllap ulanan prastoý telefony bilen bilinýärdi. Şoňky ýyllarda iPhone 11 -e geçdi.
