Nokia-nyň baş direktory Pekka Lundmark 6G tehnologiýasyna geçiş barada aýtdy. 6G-iň haçan elýeterli boljakdygyny düşündirýärkä, Lundmark ýakyn wagtda nämeleriň boljakdygy baradaky çaklamalaryny hem paýlaşdy…
Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda çykyş eden Nokia-nyň baş direktory Pekka Lundmark, dünýä 6G-e geçjegi wagty habar berdi.
Pekka Lundmarkyň pikiriçe, 6G tehnologiýasy 2030-njy ýyla çenli giňden ýaýrap başlar. Köp ýürtlar 5G geçmän dogry 6G ýe geçmegi mümkin. Nokia-nyň baş direktorynyň pikiriçe, dünýäde bu täze tehnologiýa käbir üýtgeşmelere sebäp bolar.
Smartfonlar 6G-e ýetmezden ozal taryh bolar!
Nokia-nyň baş direktorynyň pikiriçe, 6G-niň gelmegi smartfonlaryň tendensiýasyny ýok eder. Pekka Lundmark, smartfonlaryň geýip bolýan tehnologiýa önümleri bilen çalşyljakdygyny we şol sebäpli smartfonlaryň zerurlygynyň galmajakdygyny çaklaýar.
Nokia-nyň baş direktoryndan, dünýädäki smartfonlary ulanmagyň ýerine akylly äýnekleri we beýleki akylly geýilýän enjamlary ulanmagyň wagtynyň haçan boljakdygy soraldy. Lundmark 6G gelmezinden ozal boljakdygyny aýtdy we aşakdaky sözleri ulandy:
“Oňa çenli, elbetde, şu gün bilýän akylly telefonymyz iň köp ýaýran enjam bolmaz. Geljekde çykjak tehnologiýalaryň köpüsi gönüden-göni bedenimize ýerleşdiriler. ”

Lundmark-yň pikiriçe, 6G bilen tehnologiýa gönüden-göni adamlar bedenine birleşdiriler. Aslynda, seretseň, munuň köp kompaniýanyň esasy maksadydygyny häzirden şonuň üstünde işleýändiklerini görýäris. Bulara mysal edip Ilon Mask-yň ýöredýän Neuralink ýaly käbir kompaniýalar beýine implantasiýa edip boljak elektronik enjamlar döretmetmegiň üstünde işleýändiklerini getirip bileris.
Geljekki ýyllarda bu täze tehnologiýa durmuşymyzyň her bir ýerinde bolar. Örän möhüm tehnologiýalar arasynda boljak, 6G strategiki ähmiýete eýe. 6G bilen geýip bolýan tehnologiýa ulanylsa, tehnologiýa başga bir ýere öwrüler.
