Samsung duýduryş berdi: Galaxy Ring ulanýan mahalyňyz bulary etmäň!

 

Samsung Ring, Samsung firmasynyň täze çykarylan akylly ýüzügidir. Bu enjam, saglyk gözegçiligi, fiziki işjeňlikleri yzarlamak, ukynyň hilini ölçemek we gündelik hereketleri yzarlamak ýaly köp funksiýalary ýerine ýetirýär. Şeýle hem, ýüzük akylly telefonlar bilen sinhronizasiýa bolup, habarnamalar we beýleki maglumatlary almak mümkinçiligini berýär. Suw geçirmezlik we ýokary güýçli batareýa ömri bilen üpjün edilendir. 

Ýüzük arkaly saglygyňyzy hemişe barlap bilersiňiz, ýöne nädogry hereketiňizde ýüzüge zeper ýetirip bilersiňiz. Täze tehnologiýalygy sebäpli bahasy gymmat akylly ýüzügi goramagyňyz üçin Samsungyň duýduryşlary bar.

Samsung Galaxy Ring häzirki wagtda dünýäniň käbir ýurtlarda satyn alyp bolýar. Emma bu akylly ýüzügi satyn almagy pikir edýän bolsaňyz, Samsung tarapyndan käbir resmi maslahatlara üns bermegiňiz gerek: Samsung ýüzügi magnitlerden uzakda saklamagyňyzy we barmagyňyzda ýüzük dakylyka agyr zat götermekden gaça durmagyňyzy isleýär

Galaxy Ring-iň goldaw sahypasynda enjamdan iň gowy derejede peýdalanmak üçin käbir maslahatlar ýerleşýär. Olardan käbirleri enjamyň howpsuzlygy barada hem maglumat berýär. Mysal üçin ýokary tizlikli suw sportlary we basyşly ýuwujy maşynlar ýüzügiň suwa çydamlylygyny töwekgelçilik astyna goýup biler. Ýagny gaýykda suw lyžasy sürýän mahalyňyz ýa-da tramplinden suwa bökeniňizde, suw asty ýokary tizlikli hereketlenýän mahalyňyz ýüzügi dakmasyňyz gowy bolar.
Emma duýduryşlar diňe suwa çydamlylyk bilen galmaýar. Samsung, “ýüzügi dakan elinizde bir magnit ýa-da magnitli bir zat saklaýan bolsaňyz, ädim sanamak ýaly aýratynlyklar dogry işlemän biler” diýýär. Hususan-da, telefonlaryň arka tarapyna ýapyşdyrylan magnitli awtoulag tutujylaryna üns bermeli bolarsyňyz. Şeýle bir tutujy ulanýan bolsaňyz, telefony ýygy saklaýan eliňize ýüzük dakmazlygy oýlanmaly.

Başga bir duýduryş bolsa, fitnes türgenleşiklerinde agyr zat göterýän mahalyňyz, ýüzügiň agyrlyk bilen barmagyňyzyň arasynda gysylmagynyň ýüzüge zeper ýetirip biljekdigi barada…

Bu duýduryş birneme çynlakaý bolup biler, sebäbi ýüzügiň içinde kiçijik litiý-ion batareýasy bar we bilşiňiz ýaly, bu batareýalar ezilip deformasiýa bolanda ýarylyp bilerler.

Şeýle hadysalardan gaça durmak üçin sport bilen meşgullanýan mahalyňyz ýa-da 5-10 litrlik suw çüýşelerini götermegiňiz gerek bolan mahalyňyz, ýüzügi ezip deformasiýa etmejekdigiňizden emin bolmaly bolarsyňyz.

Hatda iň gowusy agyr zat göterýän mahalyňyz ýüzügi çykarmak. Şeýle hem Samsung, akylly ýüzügi dakanyz barmagyňyzda ýa-da golaýyndaky barmaklarda, akylly ýüzüge basyş edip biljek başga ýüzükleri dakmagyňyzy maslahat bermeýär.

Samsung, Galaxy Ring’in başlangıç bahasyny 399,99 dollar edip yglan etdi. ABŞ-da müşderilere 24 aý möhletli karz bilen (aýda 16,7 dollar) satyn almak mümkinçiligi hödürlenýär.

Scroll to Top