Netflix-iň gyzykly serialy Squid Game, 2021-nji ýylda görkezilip, bütin dünýäde uly ses getiripdi. Serialyň 2. sezony uzak wagtlap garaşylýardy we ahyrynda habar geldi.
Squid Game 2. sezon 26 Dekabr 2024-nji ýylda görkeziler. Netflix seriýal barada geljek planlarynyda paýslaşdy. 2025de üçünji sezon hem geler. Netflix Squid Game 3. sezon final sezony bolar.
Belli bolşy ýaly Squid Game-iň ilkinji sezonunda kadrda bolan köp sanly oýunçy, serialyň içinde öldi. Şonuň üçin täze serialda ilkinji sezondan gaty köp tanyş ýüz görüp bilmeris. Squid Game-iň täze sezonunda Seong Gi-hun täzeden ölüm howply oýuna gatnaşar. Emma maksat ilkinji sezondan tapawutlylykda pul däl, bu gezek ar almak bolar.
Ar almak maksady bilen ölüm howply oýuna täzeden gatnaşan Seong Gi-hun oýunyň gözegçisi Front Man (Lee Byung-hun) bilen ýüzbe-ýüz bolmagy gaty uly ähtimal. Muny bilen birlikde serialyň döredijisi Hwang Dong-hyuk beýanatynda Front Man bilen onuň polisiýa bolan dogany Hwang Jun-ho (Wi Ha-joon) gatnaşyklaryna üns berdi. Bu ýerden düşünip bilýäris, Hwang Jun-ho, ilkinji sezondaky ölüm howply oýundan diri çykyp bilipdir.
Serialyň döredijisi we režissýory Hwang Dong-hyuk eden beýanatynda Seong Gi-hun ar almak üçin oýuna gaýdyp gelenini emma Front Man-niň hem dişli bir garşydaşdygyny belleýär. Muny bilen birlikde Seong Gi-hun “iki dünýäniň çaknyşygy 3. sezon bilen dowam eder” diýdi.

