Şu gün berlen resmi beýanata görä, emeli aň esasynda öndürilen «Galaxy AI» aýratynlygy 48 dürli «Samsung» modelinde ulanylyp bilner. Bu barada «log.com.tr» internet neşirinde maglumatlar berildi.
Maglumatlarda beýan edilişi ýaly, emeli aňyň kuwwatyny «Galaxy AI» aýratynlygy bilen ykjam enjamlara geçirýän «Samsung Electronics» kompaniýasy özboluşly bir üýtgeşik täzelenmeleriň esasynda «Galaxy AI» mümkinçiliklerini beýleki smartfon modellerine, akylly sagatlara, gulaklyklara we planşetlere birikdirmegi dowam etdirýär.
«Samsung Electronics» kompaniýasy «Galaxy AI» funksiýasynyň öndürijilik we döredijilik aýratynlyklaryny dürli modellere geçirmek we ulanylyşyny giňeltmek bilen, ykjam emeli aň tejribesini we hödürleýän amatlylygyny bütindünýä sebitindäki ähli ulanyjylar üçin elýeterli edýär. Bu nukdaýnazardan, «Samsung Electronics» kompaniýasy «One UI» interfeýs operasiýa ulgamyndaky täzelenmeler bilen «Galaxy AI» aýratynlygyny ondan öňki modellere-de birikdirdi, bu ýagdaý bolsa täze ykjam emeli aň tejribesi bilen has köp «Samsung» ulanyjysynyň tanyşyp bilmegi üçin mümkinçilik döretdi.
Häzirki wagtda bütin dünýäde 100 million enjamda «Galaxy AI» aýratynlygynyň ulanylýandygy aýdylsa-da, «Samsung Electronics» kompaniýasynyň esasy maksady bütin dünýä boýunça «Galaxy AI» aýratynlygyny ulanyjylarynyň sanyny 200 milliona ýetmekdir.
«Galaxy AI» aýratynlygy – gündelik akylly ykjam enjam tejribesine amalylygy bilen wagt tygşytlaýan hem-de ulanyjylaryň döredijiligi we hyýallary bilen utgaşdyrylanda üýtgeşik tejribelere gapysyny açýan täze bir aýratynlyk hökmünde suratlandyrylyp bilner.
Häzirki wagtda enjam modelleriniň giň toparyna gurlan «Galaxy AI» aýratynlygynyň «Circle to Search» we Web mobil goşundysy ykjam enjamda web we gözleg motory tejribesini has-da aňsatlaşdyrýar we çaltlaşdyrýar. Iş şertlerinde durmuşy aňsatlaşdyrýan «Chat» mobil goşundusy, «Ses ýazgysy» mobil goşundysy, «Bellik depderçesi» mobil goşundysy ýaly aýratynlyklary bar. «Sözli terjimeçi» we «Live Translate» («Göni terjime») ýaly dessine terjime ediji emeli aň aýratynlyklary halkara syýahatçylygynda duş gelinýän dil päsgelçiligi ýaly örän möhüm bir meseleden çykalga tapmaga kömek edýär. Suratlara we wideolara emeli aňyň täsirini ýetiren «Döredijilik redaktirlemesi», «Redaktirleme teklibi», «Surat» mobil goşundysy we «Pursatlaýyn haýal surata düşürme» ýaly emeli aň aýratynlyklary-da suratlara we wideolara estetik hem-de hünär taýdan täsir edýär. Emeli aňyň kuwwatyny «Galaxy» enjamlarynda peýdalanan «Samsung Electronics» kompaniýasy gündelik durmuşyny we iş usullaryny üýtgetmek üçin «Galaxy AI» aýratynlygy bilen smartfonlaryna henize çenli görlüp-eşidilmedik ählumumy mümkinçilikleri getirýär.
Şu ýylyň iýul aýynda tanyşdyrylan «Galaxy Z Series» ýaly täze smartfon seriýalarynda bar bolan «Galaxy AI» aýratynlyklaryna täzelikleri girizen «Samsung Electronics» kompaniýasy diňe «Galaxy Z» modellerinde ýerleşdirilen bu täze «Galaxy AI» aýratynlyklaryny öňki modellere geçirmegi dowam etdirýär. Mysal üçin, başda diňe «Galaxy ZFlip6» enjamynda bar bolan «Habar tekst» teklipleri ýakyn wagtda «Galaxy S24 Series» enjamlarynda peýda bolar. Bu aýratynlyk «Galaxy Watch7» ýa-da «Galaxy Watch Ultra» enjamlaryna birikdirilende bolsa, ulanyja bileginden dessine jogap bermäge mümkinçilik berýär. «Galaxy AI» aýratynlyklarynyň gurnalan programmalaryndan gönüden-göni peýdalanylanda ulanyjynyň emeli aňa baglanmak üçünji tarap programmasyny ulanmaly däldigi, wagt tygşytlaýan we howpsuzlyk aladalaryny azaldýan täzelik hökmünde häsiýetlendirilýär. Enjamda gurnalan emeli aň bilen bulut tehnologiýaly emeli aňyň arasyndaky iň uly tapawut hem, bu babatda howpsuz bolmasydyr.
«Galaxy AI» aýratynlygy «Galaxy S24 Series» smartfonyndan başlap, has irki «Galaxy S Series» modelleriniň käbirinde, öňki «Galaxy A Series» we «Galaxy Z Series» modellerinde peýdalanylýar. Täze «Galaxy Buds» we «Galaxy Watch» ýaly dakynyp bolýan enjam modellerinden başga-da, «Galaxy Tab S9» planşet modellerinde indi «Galaxy AI» aýratynlyklary bar.
«Samsung Electronics» kompaniýasy täzelenmeleriniň esasynda öňki modellerinde hem «Galaxy AI» aýratynlygyny ulanyjylarynyň sanyny kem-kemden artdyrmak bilen, bu täze tehnologiýany millionlarça ulanyjy üçin elýeterli etmegi dowam etdirer.
