Las-Wegasda «CES 2024» diýen at bilen badalga alan elektron tehnologiýalarynyň sergisi ilkinji günlerinden meşhur markalaryň käbir ösüşleriniň sosial torlar arkaly onlaýn tertibinde ara alnyp maslahatlaşylmagyna sebäp boldy. «Samsung» kompaniýasynyň esaslandyran täze ekrany hem şolaryň biridir.
«Transparent MicroLED» — bu daşy çarçuwasyz, bütinleý aýna görnüşindäki modully LED ekran. Önümi öndüriji kompaniýanyň wekilleri şu tehnologiýany döretmek üçin 6 ýyl çemesi wagtyň gerek bolandygyny belleýärler.
Aňyrsy görünýän aýna görnüşindäki yşyk-diodlary mazmun bilen hakykatyň arasyndaky tapawudy duýmazdan, täze tomaşa tejribesiniň jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik döredýär.
Serginiň täze önümini gören myhmanlar aňyrsy görünýän aýna displeýdäki mazmunyň howada ýüzýän gologramma meňzeýändigini aýdýarlar.


