«ixbt.com» web saýtynyň habar bermegine görä, «Xiaomi» kompaniýasy «Xiaomi SU7» diýen ady alan ilkinji awtoulagyny nobatdaky synagdan geçirdi we netijesini ýagny gyşky synagdan geçişiniň ýazgylaryny internet ulgamynda paýlaşdy.
«Haçan hem bolsa bir wagt «Xiaomi» kompaniýasynyň ulaglarynyň dünýäniň ähli ýollarynda hereket etjekdigine ynanýaryn» diýip belleýän Leý Szýun brendiň önümlerini Hytaýyň çäginden daşarda hem öndürmek meýliniň bardygyny tassyklady.
4997 x 1963 x 1455 mm ölçegdäki elektrik sedany 3000 mm tigir binýadyna eýelik edýär.
Gapdal sütüninde ýerleşdirilen kamera «Xiaomi SU7» ulagynyň ýüz tanamak arkaly gulpy açmak mümkinçiligini üpjün edýär. Ol 300 at güýji bolan hereketlendiriji bilen yzky tigiri işleýän hem-de iň ýokary derejesi 673 at güýjüne barabar bolup, onuň ähli tigirleri hereket edýän nusgalarda hödürlenilýär. Ulagyň elýeterli nusgasynda BYD batareýa blogy peýdalanylsa, CATL akkumulýatory iň gymmat görnüşi üçin niýetlenendir. Onuň doly enjamlaşdyrylan nusgasynyň agramy 1980 kg, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 210 km barabardyr.




