«Hyundai Motor Company» tarapyndan basgançaklarda hereket edip bilýän «Mobinn» atly täze robot hödürlendi. Bu barada «hi-tech.mail.ru» internet neşirinde habar berildi.
Koreýanyň täze taslamasy soňky ýyllarda uly islegden peýdalanýan eltip bermek hyzmatlaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen esaslandyryldy. Bu eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýän robot bolup, şeýle tehnologiýalaryň ozal hem az däldigi sebäpli, munuň köpler üçin gyzykly görünmezligi mümkin. Emma täze robot tehnologiýasynyň basgançaklarda tiz hereket etmäge, ýollaryň gyrasyndaky beýgeldilen daş böleklerinden geçmäge ukyplydygy onuň gyzykly täze oýlap tapyşlaryň iň naýbaşylarynyň sanawyna goşulmagyna sebäp boldy.
Umuman, şeýle robotlardan uly üstünliklere garaşylýar. Bu «Mobinn» atly täze robot hakynda aýdylanda hem şeýledir. «Hyundai Motor Company» tarapyndan hödürlenen ajaýyp tehnologiýa innowasiýalaryň kämil nusgalarynyň hatarynda tanalyp biler. Mahlasy, indi oňa diňe gapylary açmak we liftdäki düwmeleri basmak üçin mehanizirlenen uzyn we gujurly gollar ýetenok.


