«Porsche» kompaniýasy «eFuele» deň bolan benziniň iň oňat çözgütdigine ynanýar

«Porsche» kompaniýasy «eFuele» deň bolan benziniň iň oňat çözgütdigine ynanýar. Bu barada «leblogauto.com» internet neşirinde maglumat berildi.

Nemes awtoulag öndürijisi «Porsche»  kompaniýasy sintetiki ýangyjyň innowasion nusgasyny öndürmek boýunça jedelsiz öňdebaryjydyr. Bu kompaniýa 2030-njy ýyla çenli önümleriniň 80%-niň elektrik ulaglary boljakdygyna bil baglaýar. Emma munuň özi «Porsche» kompaniýasynyň içerki ýangyç hereketlendirijisini saklap galmak baradaky maksatlaryny üýtgetmeýär. Has takygy, «Toyota» bu ugurdaky öňki usullary täzelemegi wodorod tehnologiýasynda görýärkä, «Porsche» «eFuele» deň bolan benziniň iň oňat çözgütdigine ynanýar.

2022-nji ýylda «Porsche» Çilide «HIF Global» kompaniýasynyň çäginde ilkinji sintetik ýangyç zawodyny açdy. Şonda «Porsche R&D Boss» şu ýangyjyň herekete täsirini tejribede görkezdi.

Önümçilik häzirlikçe az mukdarda alnyp barylýar — ýylda bary-ýogy 129 müň litr. Emma öňde goýlan meýilnamalar önümçiligiň 2027-nji ýyla çenli 549 million litre çenli ýokarlanmagyny talap edýär. Elbetde, bu görkezijiniň has köp görünmegi mümkin. Emma bu ölçeg dünýäde her gün sarp edilýän ýangyjyň bir damjasyndan hem azdyr. Çünki 2023-nji ýylyň ahyryndaky hasaplamalara görä, dünýäniň her gün 103 million barrel ölçegdäki ýangyjyň harçlanandygyny bellemek gerek. Bir barrelde bolsa 159 litr bar .

Scroll to Top