«wired.com» internet neşiriniň habar bermegine görä, «GaeaStar» tarapyndan oýlanyp tapylan bir gezeklik kofe bulgury jemgyýet üçin ähmiýetli önüm hasaplanyldy.
Plastik önümleriň hem-de galyndylaryň eräp gitmeýändigi ýa-da topraga öwrülmeýändigi sebäpli, daşky gurşawa ýaramaz täsir edýändigi hemmelere aýan hakykatdyr. Häzirki wagtda şeýle önümleriň ekologiýamyza ýetirýän täsiriniň öňüni almak üçin netijeli işler alnyp barylýar. Şol sebäpden hem «GaeaStar» tarapyndan oýlanyp tapylan bir gezeklik kofe bulgury jemgyýet üçin ähmiýetli önüm hasaplanyldy. Çünki kofe içmek üçin öndürilen bulgur ýönekeý we tebigy önümlerden — palçykdan, duzdan we suwdan ýasalandyr. Bu bolsa onuň tebigata has ýakynlygyny şertlendirýär.
Şeýlelikde, «GaeaStar» bulgurlary islendik ýere taşlanan ýa-da döwlen ýagdaýynda hem tebigata zyýan ýetirmeýän ekologiýa önümi hökmünde bellige alyndy. Ol wagtyň geçmegi bilen topraga öwrülýär.
«Bu önüm başyndan soňuna çenli toprakdan ybarat» diýip belleýän «GaeaStar» kompaniýasynyň Baş direktory Sanjiw Mankotiýa önümiň tebigata ýakynlygyny onuň toprakdan önýän önümlerden ýasalýandygy bilen düşündirýär. Bu ekobulgur Berlinde ýaýbaňlandyrylan synaglardan üstünlikli geçdi.

