«ixbt.com» internet neşiriniň habar bermegine görä, «HarmonyOS Next» korporasiýasy operasion ulgamynyň kämilleşdirilen nusgasynyň nobatdaky tapgyryny işe girizdi.
«HarmonyOS Next» korporasiýasy operasion ulgamynyň kämilleşdirilen nusgasyny ilkinji gezek 2019-njy ýylda esaslandyrypdy. Golaýda bolsa onuň nobatdaky tapgyry işe girizildi.
«Huawei» täze operasion ulgamyň işe girizilmeginiň Hytaý bazarynda eýelän uly ornunyň «HarmonyOS» tarapyndan ýetilen ösüşiň nobatdaky tapgyrydygyny belleýär. Häzirki wagtda ýurtda 800 milliondan gowrak ykjam enjamlarda kompaniýanyň operasion ulgamlary ulanylýar.
Korporasiýa ýakyn wagtda Hytaýda «Apple» kompaniýasynyň «iOS» ulgamyna meňzeş bolan öz operasion ulgamyny «Androidden» soňky orna — ikinji ýere çykarmak boýunça iri meýilnamalary yglan etdi. «HarmonyOS Next» tarapyndan hödürlenýän ulgamyň programma döredijiler üçin niýetlenendigini hem bellemek gerek. «Huawei» köp sanly hyzmatdaş kompaniýanyň işleýän uly ekoulgamyny döretmegi meýilleşdirýär.

