«securitylab.ru» internet neşiriniň habar bermegine görä, Tokioda ýerleşýän «TechMagic» kompaniýasy tagam taýýarlaýan roboty — nahar bişirýän ulgamy döretdi. Täze tehnologiýa Gündogar Aziýanyň dürli ýurtlaryndaky restoranlarda synagdan geçirildi we oňyn synlaryň birnäçesini aldy.
Taslamanyň awtorlarynyň bu tehnologiýany esaslandyrmaklarynyň düýp sebäbi, olaryň restoran işiniň girdejililigini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän robot döretmek boýunça synanyşyklaryna esaslanýar. «I-Robo» köp sanly tagam bilen işlemäge ukyply bolup, naharlaryň taýýarlanylyşy onuň «bulut» kitaphanasyna utgaşdyrylýar.
Robot temperaturany hem-de ýyladyşyň wagtyny, mundan başga-da, tagam garylanda, onuň aýlanyş tizligini hem-de ugruny dolandyrmaga ukyplydyr. Nahar taýýarlanyndan soň bolsa «I-Robo» özüni arassalaýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy «I-Robo» enjamlarynyň synag wagtynda 100 müň görnüşli tagamy üstünlikli taýýarlandygyny belleýär.

