«beltexno.by» internet neşiriniň täzeliklerine görä, «Lenovo» kompaniýasy ýakyn bäş ýylda dury ekranly täze noutbugynyň köpçülikleýin önünçiligine başlamagy meýilleşdirýär.
Ýadyňyzda bolsa, «Lenovo» kompaniýasy şu ýylyň fewral aýynda Barselonada geçirilen «MWC 2024» sergisinde täze dury ekranly noutbugynyň tehnologiki aýratynlyklary bilen tanyşdyrypdy.
Tanyşdyrylan enjam dolulygyna dury bolmaga ukyply displeýe eýedir, şeýlelikde, ulanyjy ekranyň aňyrsyndaky zatlary hem görüp biler. Kompýuter bilen işlenýän wagty durulygyň derejesini sazlap bolýar. Enjam 720 piksel durulykly 17,3 dýuýmlyk «MicroLED» ekran bilen üpjün edildi.
«Lenovo» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemeklerine görä, häzirki wagtda has ýokary piksel mümkinçiliki dury paneli döredip bilmeýärler. Kompaniýada şeýle enjamyň ekranyň aňyrsynda ýerleşýän zatlaryň suratyny çekmek üçin suratkeşlere peýdaly boljakdygy aýdylýar. Kompýuter ägirt uly trekpada we stilus üçin ýazgy meýdançasyna öwrülip bilýän sensorly klawiatura bilen üpjün edilendir.
Täze tehnologiýa «ThinkBook» tapgyryna degişlidir. Çünki, ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly, täze noutbugyň gapagy hem monitory aňyrsy görünýän aýna görnüşindedir. Klawiaturanyň ölçegi ekranyň duýujylygynyň 15 ýa-da 16 dýuým boljakdygyny görkezýär. Onuň operasion ulgamy «Windows 11» bilen üpjün edilendir. Bu tehnologiýalarda häzirki «Intel» platformalaryndan peýdalanylar.Tehnologiýada gapagyň esasy bölekleri aýdyň meýdanyň aşagynda bolar.
«Lenovo» kompaniýasynyň hünärmenleri dury ekranly täze noutbugyň entek satuwa çykarylmajakdygyny, ýakyn bäş ýylda bu enjamyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmalygyň meýilleşdirýändigini, şondan soňra müşderiler elýeterli boljadygyny belläp geçdiler.


