BUGDAÝ TOHUMYNY GURATMAGYŇ TÄZE TEHNOLOGIK USULY

Krasnoýarskly alymlar bugdaý tohumlaryny guratmak üçin täze has täsirli usuly döretdiler. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky №45 (739) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen adybir makalada habar berildi.      

Şeýle tehnologiýa tohumlyk dänäni saklamak üçin zerur çyglylyk derejesine ýetmäge, mundan başga-da, adaty ýylylyk guradyş usuly bilen deňeşdirilende, tohumyň gögeriş göterimini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Alymlar täze mikrosferaly birleşýän serişdeleri döretdiler we ilkinji gezek tohumlary guratmak üçin çyglylygy siňdiriji madda hökmünde magniý sulfatyny, esasan hem iň durnukly tebigy nusgalardan biri bolan kizerit önümini ulanmagy teklip etdiler. Ol ýokary çyglylyk siňdiriş derejesi we pes temperaturadaky şertlerde hem uly kuwwata eýelik edýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Mundan başga-da, magniý sulfaty arzan, zyýanly bolmadyk hem-de giňden ulanylýan oba hojalyk dökünidir.

Geçirilen tejribe dört sagat guradylandan soň, bugdaýyň çyglylygynyň tohumlary howpsuz saklamak üçin maslahat berilýän derejä ýetendigini görkezdi.

Bu usulda guradylan tohumlaryň gögeriş derejesi 95 %-den gowrak boldy. Guradylandan soň, sorbentler aňsatlyk bilen bölündi.

Scroll to Top