Apple her ýyl güýzde geçirýän prezentasiýasyny 9-njy sentýabr, sişenbe güni, Kupertinodaky kompaniýanyň Apple Park kampusynda geçirilerdigini resmi web saýtynda mälim etdi. Göni ýaýlym Türkmenistan wagty bilen sagat 22:00-de başlanar. Esasy täzelikler iPhone 17 Air, iPhone 17, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modelleri bolar.
iPhone 17 seriýasy möhüm üýtgeşmeleri getirýär: täze korpus dizaýny, täze nesil prosessorlar we ähli modellerde 120 Hz ekran täzelenme goldawy. Aýratynam iPhone 17 Air – iň inçe we iň ýeňil Apple enjamy bolup, öňki Plus seriýasynyň ýerine geçer. Smartfonlardan başga-da, Apple Watch Series 11, Watch Ultra 3 we Watch SE 3 hem tanyşdyrylar.
Goşmaça täze önümler hökmünde täzelenen dizaýny bilen AirPods Pro 3, täze HomePod mini we täze Apple TV 4K görkezilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, kompaniýa iOS 26, iPadOS 26, macOS Tahoe 26 täzelenmelerini çykýan senelerini hem yglan eder.

