Realme adaty bolmadyk konseptual smartfonlaryny tanyşdyrdy: 15 000 mA·sag batareýly we işjeň sowadyş ulgamy bolan modeller.

Bu konseptual modeller, smartfonlaryň gelejigine serediş bolup, häzirlikçe köpçülikleýin önümçilik we satyş  niýetlenmeýär. Biri rekord awtonomlyk, beýleki model bolsa gyzmagyň öňüni almagy bilen tapawutlanýar.

15,000 mA·sag batareýaly smartfon

Häzirki smartfonlaryň esasy meselelerinden biri- awtonomlyk.
Energiýa tygşytlaýan prosessorly flagmanlar hem adatça iki günden köp işlänok. Realme bolsa batareýa  üns berip, bu ugurda nähili ýokary netije gazanyp boljakdygyny görkezdi.

Konseptde 15,000 mA·sa kuwwatly kremniý anodly batareýa ulanylyp, ol rekord energiýa dykyzlygyny – 1200 Wt·sa/l üpjün edýär. Şonuň üçin enjam gaty uly däl: korpusynyň galyňlygy 8,89 mm, agramy bolsa köp powerbankdan 42% ýeňil.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bir gezek doldurym aşakdaky netijäni berýär:
· 5 güne çenli işjeň işleme,
· 18 sagat dowamly wideo ýazuw,
· 53 sagat wideo görmek.
Şeýle hem, smartfon tersine zarýad doldurymy goldaýar we beýleki enjamlary – dronlar, awtomobil üçin mini sowadyjylar ýa-da beýleki gadgetlary işledip biler.
Emma, enjamyň tehniki aýratynlyklary giriş derejesine ýakyn bolup, ol diňe tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezmek üçin döredilen injenerlik nusgasy hasaplanýar.

Realme Chill Fan Phone: Sowutma ulgamy bolan smartfon .

Ikinji konsept Chill Fan Phone – smartfon önümçiliginiň beýleki ugruny görkezýär. Birinji enjamda iň ýokary awtonomlygy üpjün etmek niýetlenilse, bu modeliň esasy wezipesi – gyzmagyň öňüni almak.

Smartfon daş görnüşi bilen Realme GT 7T modeline meňzeýär we orta synpa degişli:
6,7 dýuým OLED displeý,
MediaTek Dimensity 7300 prosessor,
12 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýat,
80 Vt SuperVOOC tiz zarýad.
Enjamyň esasy aýratynlygy bolsa çylşyrymly sowadyş ulgamy:
· 7700 mm² ululykda bug kamerasy,
· Içki mini wentilýator,
· Öňleri diňe daşky ulgamlarda ulanylan termoelektrik sowadyjy (TEC).
Realme-nyň maglumatyna görä, bu tehnologiýa ýokary ýüklenmede prosessoryň temperaturasyny ortaça 6°C peseldýär. Mundan başga-da, IceSense Ultra arka paneli reňk üýtgedýär: enjam sowanda akdan göke geçýär (45ºC-den 38ºC çenli).
Chill Fan Phone-yň köpçülik öndürişi barada kompaniýa  maglumat bermedi.

Bu konseptleriň smartfon bazaryndaky ähmiýeti

Realme ýene bir gezek tejribe geçirmäge we täze çözgütler gözlemäge taýýarlygyny görkezdi.15,000 mA·sa batareýaly smartfon – bu iň ýokary awtonomlygy görkezýän enjam bolup, gelejekde syýahatçylar ýa-da elektrik ulgamy çäkli ýerlerdäki ulanyjylar üçin peýdaly bolup biler.
Chill Fan Phone bolsa işjeň sowadyş mümkinçiliklerini açýar, bu aýratyn-da mobil oýunlar we ýokary hasaplama güýjüni talap edýän işler üçin wajypdyr. RedMagic 10 Air ýaly oýun smartfonlary ýa-da güýçli sowadyş ulgamly flagmanlar bu trendi eýýäm başlapdy, Realme bolsa ony has-da ösdürip biler.
Häzirlikçe bu konseptler satylmasada, gelejekdäki Realme ýa-da konkurent kompaniýalaryň smartfonlary inowatsiýasy üçin esas bolup biler.

Scroll to Top