
Apple adatdaky ýaly täze modellerini tanyşdyrandan soň smartfonlarynyň liniýasyny täzeden gözden geçirer.
2025-nji ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagyna garaşylýan iPhone 17 seriýasy bilen bilelikde kompaniýa 4 meşhur modellerini öndürmekden we resmi satuwdan düýbünden aýyrar.
iPhone 15 we iPhone 15 Plus — bu enjamlar Apple-nyň resmi dükanlarynda indi elýeterli bolmaz. Emma garaşsyz satyjylar birneme wagt stmaga dowam edip bilerler, ýöne bu modelleri tapmak satyn almak kynlaşar.
iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max — olaryň ornuny täze wersiýalar: iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max eýelär. Olar täze dizayn we kämilleşdirilen tehniki aýratynlyklar bilen tanyşdyrylar.
Apple bäsdeşlerinden tapawutlylykda köne flagmanlaryň bahasyny arzanlatmaýar, eýsem olary doly satuwdan aýyrýar we ünsüni täze modellere gönükdirýär.
Näme üçin Apple modellerden ýüz öwürýär
Kompaniýa assortimenti gysaltmak strategiýasyna eýerýär. Bu dürli nesil smartfonlarynyň arasyndaky içerki bäsleşigi azaldýar, täze modellere islegi artdyrýar we ýokary satuw derejesini saklamaga kömek edýär.
iPhone 17 seriýasy çykmagy
bilen Apple-nyň smartfon liniýasy düýpli täzelener: kompaniýa iPhone 15 we iPhone 16 Pro liniýasyndan düýbünden ýüz öwürer we ünsüni täze modellere gönükdirer. Bu brend üçin adaty strategiýa bolup, bar bolan enjamlara islegi ýokary derejede saklaýar we geljekdäki innowasiýalara — şol sanda ilkinji eplenýän iPhone-a gyzyklanmany artdyrýar.
