Caviar, kamerasyz iPhone 17 Air Carbon modellerini tanyşdyrdy: jemi 19 sany

Telefonyň özi entek resmi taýdan çykmady. Apple täze iPhone 17 liniýasyny 9-njy sentýabrda tanyşdyrar, şolaryň arasynda brendiň iň inçe smartfony ― iPhone Air bolar. Caviar bolsa ony has-da aýratynlaşdyrmak üçin arka panelyny çalşyp, çäkli sanyndaky öz custom wersiýalaryny hödürledi.

iPhone 17 Air Carbon, Caviar taryhynyň iň ýeňil custom modeli. Smartfon ultra-ýeňil karbondan ýasalan, kameralary ýok we “azatlyk” we “şahsy gizlinligi goramak” ideýasyny simwolize edýär. Çykaryljak 19 sany telefonlaryň her biri aýratyn gravýura bilen enjamlaşdyrylýar.

iPhone 17 Air Carbon-yň esasy aýratynlyklary:
Gizlinlik üçin kameralaryň ýoklugy.
Karbon korpus.
Minimalistik dizaýn.
Çäkli çykarylyş (diňe 19 sany).
Asyllyk şahadatnamasy bilen premium gaplama.
iPhone 17 Air Carbon-yň bahasy $8770-dan başlanýar. Smartfonlar eýýäm öňünden sargyt üçin elýeterli.

Scroll to Top