
Birnäçe gün bäri garaşylýan habar şu gün resmileşdirildi. LG resmi web sahypasyndan metbugat beýanaty bilen smartfon pudagyndan çekilendigini resmi taýdan yglan etdi. Makalada LG Dünýädäki ähli telefon biznesini ýapar. Kompaniýanyň telefon önümçiliginden we satuwyndan çekilmegi, akylly enjamlaryň, internet we B2B çözgütleri ýaly dürli pudaklarda ösmeginiň öňüni açar diýilýär. Bu kararyň dolandyryş geňeşi tarapyndan tassyklanandygyny mälim eden LG, bäsdeşlik aşa ýokary bolan mobil telefon pudagyndan çykmak karary bilen kompaniýanyň çeşmelerini dürli platformalara we hyzmatlara gönükdirip biljekdigini aýtdy. Bar bolan smartfonlaryny satmagy dowam etdirjekdiklerini mälim eden kompaniýa, bu enjamlaryň tehniki hyzmatlary bermegi we programma täzelemeleri bermäge dowam etdirjekdiklerini mälim etdi. LG metbugat beýanatynda beýleki iş pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we 6G ýaly mobilite tehnologiýalaryny ösdürmegi dowam etdirmek üçin mobil tejribeden peýdalanjakdygyny aýtdy. Şeýle hem LG, smartfonyň işiniň doly ýapylmagynyň 31-nji iýula çenli dowam etmegine garaşylýandygyny aýtdy.

6 ýylda 4,5 milliard dollar ýitgi.
LG-iň mobil telefon bölümi soňky alty ýylda jemi 4,5 milliard dollar zyýan çekdi. LG güýçli bäsdeşlik gidýän mobil smartfon pudagyndan çekilip elektrik ulaglaryň bölekleri, biri-birine bagly enjamlar we akylly öýler ýaly has köp ösmek mümkinçiligine eýe bolan ugurlardan gider. LG gowy wagtlary mobil telefonlary üçin ultra giň burçly kameralaryň we birnäçe, zatlary ilkinjilerden bolup çykaryp bu pudakdaky ornuny berkidipdi we 2013-nji ýylda Samsung we Apple-den soň dünýäde üçünji iň uly smartfon öndürijisi bolupdy. Ýöne soňy bilen LG-iň modellerinde interfeýsinde we enjamda çykan kemçilikler we täzelenmeleriň haýal gelmegi, gymmat baha belirtmek politikasy marka bolan islegleriň peselmegine getirdi. Analitikler LG-ni hytaýly bäsdeşleri bilen deňeşdirip boljak marketing tejribesiniň ýoklugy üçin tankytlaýardylar.
