Russiýada 500-den gowrak dron Gagariniň kosmos uçuşyny şekillendirýär (wideo).

Welikiý Nowgorod şäherinde kosmonawtika güni mynasybetli adaty bolmadyk tomaşa geçirildi – 500-den gowrak dron şäheriň üstünden uçup, kosmosa uçan ilkinji adamy görkezýär diýip, Esquire habar berýär.

Dronlar Ýuriý Gagariniň Wostok kosmiki gämisiniň Ýer orbitasyna ýol alan raketany kosmosda gurşap alýan emeli hemralary şekillendirýär.

Çâre pilotsyz howa ulaglaryny öndürýän Geoskan kompaniýasy tarapyndan gurnaldy. Geoskan 2020-nji ýylda Ikinji jahan urşunyň 75 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgda 2200 dron uçurupdy.Maglumat üçin 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde rus ýriuriý ýuriý Gagarin Wostok kosmos gämisinde adamzat taryhynda ilkinji gezek uçup, kosmos gözleg döwrüni açdy. Baýkonur kosmodromyndan 09: 07-de meşhur gygyryşy bilen – Poýehali! Diyip starta çykyp 108 minutlap ýer şarynyň orbital uçuşynda bolup, Saratow sebitiniň Smelowka obasyndaky meýdana 10: 55-de üstünlikli gondy.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top