
2021-nji ýyl köpümiz üçin pandemiýa sebäpli we başga global problemalar sebäpli 2020 ýaly adatdan daşary ýyl boldy. Ýöne mobil smarfonlary barada aýdylanda bolsa, tolgundyryjy ýyl diýmek bolar. COVID-19 pandemiýasy köp sanly tehnologik täzelikleri gijikdirdi, ýöne umuman aýdylanda, ýylyň dowamynda köp täze ösen smartfonlary gördük.
Bu makalada 2021-nji ýylyň mobil telefonlary ulgamynda nähili geçendigine we nämeleriň bolandygyna göz aýlamak isledik 2021-nji ýyly dört çärýek bölege böldük.
2021-nji ýylyň Ýanwar we mart aýlary Tertipsiz konferensiýalar möwsümi.

CES 2021 dowam edýän pandemiýa sebäpli ilkinji wirtual CES görkezişi boldy. Iň uly telefon hekaýasy gysga teaser trailer bilen ilkinji gezek görkezilen LG Rollable boldy. Her kim 2021-nji ýyl içinde bu adatdan daşary telefonyň çykmagyna garaşýardy, ýöne amala aşmady. Sebäbi ýanwar aýynyň ahyrynda LG smartfon öndürmegi bes etjekdigini habar berdi. Şeýlelik bilen, rulon ekranly LG Rollable satyşa çykmady.

Samsung täze flagman seriýasy bolan Samsung Galaxy S21, Galaxy S21 Plus we Galaxy S21 Ultra-ny yglan etmek üçin CES 2021 konferensiýa bolýan günlerine dogurlap wirtual tanyşdyryş çäresi geçirdi. Üç modeliň hemmesi ýanwar aýynyň ahyrynda geldi we gaty üstünlikli diýlip bilner

S21 Ultra
S-Pen goldaýan ilkinji Galaxy S seriýasy boldy we beýleki aýratynlyklary
Örän ýagty OLED ekrany
120Hz we WQHD +
güýçli protsessor we tizlik
Kameranyň üstünlikli başarnyklary
gijeki surat üstünligi
Batareýanyň optimal işleýşi
Wi-Fi 6E, BT 5.2 we 5G goldawy
gowulandyrylan ses
S-Pen goldawy
Aslynda, CES 2021 konferensiýasynda beýleki smartfonlar arasynda Motorolanyň G seriýaly telefonlary we TCL-iň täze TCL 20 seriýasy bardy. CES döwründe Sony Dolby Atmos -y we beýleki giňişlikdäki ses tehnologiýasyny ösdürmek üçin 360 Reality Audio goldawyny görkezdi.

CES 2021 tolgundyryjy habarlar gelýärkä , MWC-(mobil dünýä konferensiýasy) 2021 COVID-19 sebäpli iýun aýynyň ahyryna çenli yza süýşürildi.

Bu aralykda, Honor V40 we Xiaomi Mi 11 seriýasy Samsung-yň Galaxy S21-ine bäsdeş hökmünde satyşa çykdy.

11-nji martda täze nesil flagmanlaryna
Oppo Find X3 goşuldy.

Şol aýda Samsung täze orta segmentmodelleri bolan Samsung A52 we A72 bilen tanyşdyrdy.

OnePlus 9 seriýasy mart aýynda satuwa çykaryldy we oňat wariantydygyny subut etdi.

Oýun telefonlary diňe bir ASUS ROG 5-iň däl, eýsem Nubia Red Magic 6 we Xiaomi Black Shark 4-iň çykmagy bilen oýun smartfon görnüşleri artdy.

2021-nji ýylyň Aprel iýun aýlary Hoş gal LG
Aprel, LG-smartfon bazaryndan resmi taýdan aýrylandygyny habar berdi. Bu, LG Rollable we LG V70 ThinQ ýaly gowy telefonlaryň hiç haçan hakykata öwrülmejekdigini aňladýardy.

Samsung uly batareýaly arzan telefon bolan Galaxy M12 -ni satuwa çykardy. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa 22% paý bilen özüni ýene-de dünýäde iň uly smartfon öndürijisi diýlip yglan edildi.Motorola, Moto G20-ni işe girizip, býudjet smartfon bazaryna girdi. Şol segmente goşulan Realme 8 5G Ýewropada iň özüne çekiji arzan 5G smartfonyna öwrülmegi başardy.

ABŞ-da Goranmak ministrligi Xiaomini gara sanawdan aýyrdy, bu bolsa ABŞ-nyň öndürijä sanksiýa bermejekdigini aňladýardy. Xiaomi basym gadagançylygyň ýatyrylandygyny tassyklady.
2021-nji ýylyň iyul sentýabr aýy Xiaomi Samsung Apple

Samsung Galaxy Z Flip 3 ve Galaxy Z Fold 3 telefonlaryň ikisi-de awgust aýynda Samsung Unpacked-da tanyşdyryldy. Telefonlar, şol aýyň ahyrynda bazara çykanda, Samsung-yň iň soňky eplenýän telefonlaryna öwrüldi.
Ýöne geçen tomus Samsung üçin amatly möwsüm bolmady. Kompaniýadan Xiaomi dünýäde iň uly smartfon satyjysy diýen ady aldy.

OnePlus Nord 2 iýul aýynda satuwa çykaryldy. Garaşylyşy ýaly, Nord 2 orta segment telefon bazaryna goşuldy, esasanam onuň bahasy üçin ýokary derejeli aýratynlyklary hödürlemegi dykkatlary özüne çekýärdi.
Nokia käbir täze telefonlary yglan etdi: C30 we täzeden işlenip düzülen Nokia 6310 bilen bilelikde uly batareýasy bilen C30 we gaty çydamly Nokia XR20 modelleri.

IPhone 13 seriýasy bolsa sentýabr aýynda yglan edildi. Esasanam iPhone 13 Pro üçin Apple has gowy aýratynlyklary, has gowy wideo ýazgy mümkinçiliklerini we adaptasiw 120 Hz täzelenme tizligi bilen OLED displeýini hödürledi.
Seriýadaky kamera aýratynlyklary iň tolgundyryjy taraplardy. Gynansagam, smartfonlary ýygnamak we üpjün etmekdäki meseleler sebapli iPhone 13 alyjylaryny birnäçe hepde garaşmaga mejbur etdi.
2021-nji ýylyň Oktýabr we dekabry: Ýylyň soňky modelleri.

Täze Xiaomi telefonlary Xiaomi 11T we 11T Pro tanyşdyryldy we Xiaomi tarapynda Xiaomi 12 seriýasy ýylyň soň modelleridi.

Oktýabr aýy Google smartfon hatarynda iň soňky Google Pixel 6 we Google Pixel 6 Pro-nyň çykmagyny aňladýardy. Pixel 6 seriýasy surat höwesjeňleri üçin ideal telefondygyny subut etmek bilen has ýokary hilli surata almak mümkinçiligini artdyrdy.

Iň uly smartfon öndürijisi üçin ýaryşda tomusda Xiaomi Samsungy geçip birinji bolany ýadyňyzdamy? Xiaomi-niň öňdebaryjylygy uzak dowam etmedi, ýylyň ahyrynda Samsung ýene-de iň köp smartfon öndürüp ulanyjylara ýetişdirip bermekde dünýäde birinjiligi gazandy.
