
BMW CES-(elektronika ýarmarkasy)de reňkini üýtgedýän awtoulagyny resmi taýdan hödürledi.
BMW E Ink bilen hyzmatdaşlykda öndüren awtoulagy BMW iX Flow, diýip atlandyrylar. Nemes awtoulag öndürijisi bu konsept ulagy
Häzirki wagtda reňk warianty hökmünde diňe ak we gara reňke geçip biler. Bu wariantlaryň wagtyň geçmegi bilen başga reňklerden artyp biljekdigi aýtdy. Mundan başga-da, iX Flow-yň elektroforetiki tehnologiýasy, halaýan reňkiňizi we dizaýnyňyzy kesgitläniňizden soň hiç hili energiýa ulanmaýar.

Bu tehnologiýa sürüjilere awtoulaglarynyň görnüşini sazlamak üçin has köp mümkinçilik berýär. Bu, sürüjä şahsyýetiniň dürli taraplaryny beýan etmek, we her gezek awtoulagyna girenlerinde täzeden kesgitlemek erkinligini berýär -diýdi BMW iX Flow Taslamasynyň başlygy Stella Klark.
BMW bu ýerde başga mümkinçilikler hem bardygyny öňe sürýär. Belki, sürüjiler yssy güneşli günlerde gara, ýylylygy siňdirýän reňkiň ýerine açyk ýa-da ak reňk saýlap bilerler.

• 619 at güýji
• 0 den 100 km/s-a 3,8 sekunda çykar
• Bahasy – 157.000$
Umuman aýdanyňda, bu köp adamyň isleýän reňk üýtgedýän ajaýyp awtoulagyň häzirlikçe amalda satyn alyp ulanyp görmek mümkinçiligi ýok, sebäbi BMW iX Flow modeli konsept hökmünde görülýär.
Köpçülikleýin önümçilige çykyp çykmajagy satylyp satylmajagy entek belli däl.
