«Ford» kompaniýasy kuwwatly «Ford Equator Sport» awtoulagynyň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy

«ixbt.com» internet neşiriniň bermegine görä, «Ford» kompaniýasy kuwwatly «Ford Equator Sport» awtoulagynyň täze nusgasy bilen tanyşdyrypdyr.

Täze nusgadaky bu awtoulagyň daşky ölçegleri uzynlygyna 55 mm artdy, indi onuň ölçegleri 4685 x 1935 x 1706 mm-dir. Salon täze bezeg wariantlaryny hem-de 10 dinamikli we sesi peseldiji tehnologiýaly ses ulgamyny aldy.

«Ford Equator Sport» awtoulagynyň täze nusgasynda 12,3 dýuýmlyk iki displeý bar we ýokary öndürijilikli multimedia ulgamyny üpjün edýän «Snapdragon 8155» prosessory hem ulanylýar. Täze awtomobil 170 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi we ýedi tizlikli «robot» bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem alyjylar awtoulagyň gibrid görnüşini saýlap bilerler. Bu modifikasiýada 150 at güýji bolan içinden otlanýan hereketlendiriji we 82 at güýji bolan elektrik hereketlendiriji ulanylýar.

Scroll to Top