«ixbt.com» internet neşiriniň habar bermegine görä, «Tesla Model Y» – bütindünýä awtoulag bazarlarynyň geçginli harydy. Çünki, «Tesla Model Y» çykan wagtyndan bäri, bu awtoulagdan Norwegiýada 59 775 sanysy satyldy we 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda 58 860 birligi satylan «Nissan Leaf» awtoulagynyň satuwyndan ýokary netijäni görkezdi.
2011-nji ýyldan bazarda giňişleýin satylýan «Nissan Leaf» elektromobili uzak wagtlap iň abraýly ulaglaryň biri bolupdy. Emma häzirki wagtda ol ornuny amerikan «Model Y» awtoulagy bilen çalyşdy. Soňky maglumatlara görä, «Tesla Model Y» çykan wagtyndan bäri Norwegiýada 59 775 sanysy satyldy, bu 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda 58 860 birligi satylan «Nissan Leaf» awtoulagynyň satuwyndan ýokarydyr.
«Model Y» üstümizdäki ýylyň ilkinji dokuz aýynda Norwegiýada elektrik ulaglarynyň satuwynda hem öňdeligi eýeleýär. Bu döwürde «Model Y» awtoulagynyň 12 578 birligi satylmak bilen, 5 318 birligi satylan «Volvo EX30»-dan we 4 944 birligi satylan «Volkswagen ID.4» awtoulagyndan ep-esli öňe geçdi.
«Tesla Model 3» satylan 43 910 awtoulag bilen umumy satuw boýunça üçünji orunda durýar. «Model Y» geçen ýyl dünýäde iň köp satylan awtoulag boldy we şu ýyl ABŞ-da iň köp satylan awtoulag bolmagy maksat edinýär.

