«Joby Aviation» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyrynda we 2025-nji ýylda 500 million dollar möçberinde bölekleýin maliýeleşdiriler

TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, aerotaksileri öndüriji «Joby Aviation» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyrynda we 2025-nji ýylda 500 million dollar möçberinde bölekleýin maliýeleşdiriler.

Ýaponiýanyň iri awtomobil öndürijisi hususy kärhanasy bolan «Toyota Motor» kompaniýasy «Joby Aviation» şereketine 500 million amerikan dollar möçberinde maýa goýar. Maliýeleşdiriş 2024-nji ýylyň ahyrynda we 2025-nji ýylda bölekleýin geçiriler. Maksatnama laýyklykda, önümçilik bileleşigi dörediler. Ýeri gelende belläp geçsek, ýakynda kompaniýa uçýan enjamyň üçünji nusgasyny çykardy.

Görkezmek üçin niýetlenen wodorod-elekrik howa taksisi synaglaryň dowamynda goşmaça ýangyç guýmazdan 900 km-den gowrak aralygy uçup geçdi.

Scroll to Top