«Lambhorgini» kompaniýasy «Venatus Coupe Evo C» awtomobilini müşderilere hödürledi.

Iň gymmatbahaly awtomobillerini öndürýän «Lambhorgini» kompaniýasynyň özboluşly dizaýnly, kuwwatly «Venatus Coupe Evo C» awtomobilini täzeçe garaýyş bilen müşderilere hödürlendi. Onuň üstünde dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri zähmet çekipdirler.

Ulagyň kuwwatlylygynyň 887 at güýjüne barabardygy bellenýär. Hereketlendiriji 4 litrlik V8 göwrümli bolmak bilen ol has-da kämilleşdirilipdir. Iň ýokary tizligi 323 km/sag bolan ulag 2,9 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetýär. Dünýäde onuň bary-ýogy 8 görnüşiniň öndüriljekdigi bellenýär.

Scroll to Top