
USB portlaryndan, eplenýän telefonlara we 5G-ýe smartfonlaryň 2010-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli ösüşinden, 2025-nji ýylda nirä
barjakdygyny çaklamaga synanyşdym.
Elbetde, çaklamalarym amala aşman, birnäçe wagtdan çykjak täze tehnologiýanyň hemme zadyň ugruny üýtgedip biler. Emma bilýän zadymyz,öndürüjiler telefonlaryň ösdürmegi we sarp edijileriň gözüne girmek üçin täze, wizual zatlar hödürlemegi.
Eplenýän telefonlaryň geljegi

2019-njy ýylda hemmeleriň ünsüni özüne çeken Samsung Galaxy Fold, Motorola Razr 2019, Huawei Mate X bükülýan telefonlar täze modelleriň çykmagy bilen hasam ünsleri özüne çekti 2020-nji ýylda henizem bükülýan telefonlar hakda köp gürleşilenok ýaly çünki şu wagt bahalarary has gymmat we häli köp ösmedi entäk ýoluň başynda. Öňümizdäki ýyllarda çykjak bükülýan telefonlaryň bahasy düşse we iň esasysy, käbir möhüm funksiýalar bükülýan telefonlara mahsus bolsa, 5 ýyldan soňam bükülýan telefonlar hakda gürleşip bileris.täze eplenýan modellerde çykmaga dowam eder
5G we 6G ?
5G käbir ýurtlarda elýeterlidir, ýöne giňden ýaýramagynyň näçe wagt gerek boljakdygyny bilip bolanok.infrastrukturasyny gurmak has köp zähmet finans talap edýar.Şondan köp ýurtlar 5G geçmäge gyssananok.Elbette kowid-19 pandemiýasynyňda täsiri bar. Ekonomik krizisler we käbir teoriýalara görä 5G antenalary coronawirusy çykartýarmyşyn diyip ynanýanlar 5G-ýe garşy çykýanlarda köp ülkelerde bar. 4G tizligi ýeterlik bolsa, goşmaça tizlik 5G köp ulanyjy üçin manysyz bolar. Şeýle-de bolsa, ýakyn ýyllarda 5G telefonynyň köpelmegi bilen Hatda bu ýyl hemme flagman telefonlarda 5G bardy.Öňümizdäki ýyldan hemme telefon tabletlerde we beyleki enjamlarda 5G adaty bolup biler.
2020-nji ýyllaryň ahyryna 6G-nyň adyny köp eşidip başlarys .Emma ilki bilen näçe ulanyjynyň 5G-e geçendigini we ondanda çalt internet adamlara gereklimi görmeli bolar.
Selfy kameralaryň geljegi

Häzirki wagtda köp smartfonlarda kiçi nokat şekilinde
Geljekde öňdäki kameralar ekranyň aşagynda gizlenip biler. Oppo Zte şeýle tehnologiýany eýýäm görkezdi.Beýleki öndürijiler hem şol zadyň üstünde işleýärler.
Portlarsyz dünýä
Köp telefonlar 3,5 mm ýa-da Type-C nauşnik dakýar. 2025-nji ýyla çenli adaty nauşnik dakmagy taryha öwrüler. Simsiz nauşnikleri ulanmagyň köpelmegi, Bluetooth tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi simli nauşniklerden symsyz nauşliklere geçiler.
USB portunyň geljegi Aslynda simsiz zarýad bermegi goldaýan portlary bolmadyk telefon prototiplerini gördük.
Bu ýyldan Simsiz zarýad berýan 30 watly telefonlar çykdy. Geljekde has öser we ýaýrar, portlar barha zerur däl bolar. Şeýlelik bilen 2025-njy ýylda portlary bolmadyk smartfonlar täze standart bolup biler.
Arka kameralar

Häzirki zaman telefonlarynda öňkülerinden has köp kamera bar.şonuň üçin ýene linza goşup hiç zat gazanyp bolmajak derejä ýetildi. Şonuň üçin ýakyn wagtda has köp megapikselli ulaltmaga başlanar eýýäm 108 mekapixelli telefonlar bar.Xiaomi 188 megapiksel telefon üstünde işleýar şu ýyl soňuna ýa-da 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde taýýar bolar diýen hawarlar bar.
Şeýle-de bolsa, oňňümizdäki ýyllarda megapikselleriň sanyny köpeltmegiň manysy kem-kemden azalar, sebäbi adam gözüne belli bir ölçegden ýokary suratlara mätäç däl (alymlaryň pikiriçe 576MP-den gowrak). Şeýle-de bolsa, 2025-nji ýyllara çenli kompaniýalaryň 576MP-e ýetendikleri geň galdyrmaz.
