
Smartfon bazarynyň ýaş markalarynyň biri bolan Realme-niň wise-prezidenti Ku Çi 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Smartfonlaryň bahasy ýokarlanar-diýdi. Munuň käbir sebäpleri Çig mal ýetmezçiligi ýa-da bahasy ýokarlanmagydyr.
2021-nji ýyldaky strategiýasyny yglan eden Realme mobil smartfonlaryň bahalary baradaky habary, markanyň iki sany täze flagman smartfonlaryny yglan etmezden öň geldi. Realme wise-prezidentiniň aýtmagyna görä, smartfon bahalarynyň ýokarlanmagy, çipsetler we batareýalar sebäpli ýüze çykar.

Beýleki tarapdan, marka 2021-nji ýylda ösüşini we ulalmagyny dowam etdirmek isleýär. Kompaniýa satuw ulgamyny gowulandyrýar we satuwdan soňky hyzmat nokatlaryny artdyrýar. Esasanam Hytaýda ädilen bu ädimler dünýä bazarynda-da dowam eder.Şeýle hem Realme-niň ýakyn aýlarda hödürlejek iki täze flagmany üçin käbir maglumatlar bar. Kompaniýa; Qualcomm we MediaTek prosessorly ýokary derejeli smartfonlar bilen garşymyza çykar. Bu enjamlaryň biri tizlige , beýlekisi fotografçylyk mümkinçiliklerine gönükdirilen smartfonlardyr.
Koronawirus (COVID-19) epidemiýasy geçen ýyl bütin dünýä täsir etdi. Bu Smartfon öndürijilere-de täsir eden epidemiýa, smartfon bazaryndaky çipset krizisine sebäp boldy. Ilki bilen, Apple çip öndürmekdäki kynçylyklar sebäpli iPhone 12 seriýasyny çykarmagy yza süýşürdi.Krizis 2021-nji ýylda hem dowam edýär.
Realme, bu meseläniň ýylyň ikinji ýarymynda telefon bahalaryna has aýdyň täsir etjekdigini mälim etdi.
