Sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşmagy biziň gündelik durmuşymyzdaky işlerimizi has aňsatlaşdyrdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak ýaly asylly işlere türkmen telekeçileri hem mynasyp goşant goşýarlar. Telekeçi Hemra Hallyýewe degişli bolan «Gunça» ykjam peogrammasy hyzmatlaryň ähli görnüşini özünde jemleýär. Müşderiler www.guncha.com.tm web saýty ýa-da «Gunça» ykjam peogrammasyny «Google Play» we «App Store» gollanmalaryndan ýüklemek arkaly hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanşyp bilerler. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky №45 (739) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Täze ykjam goşundy» atly makalada maglumat berildi.
«Gunça» ýönekeý ykjam programma bolup, öý hojalygyna degişli meseleleriň ählisine jogap berýär. Programma düzüjiler ykjam programmanyň üstünde yzygiderli işleýärler. Häzirki wagtda programmada ýurduň çäginde hereket edýän hyzmat edijileri hasaba almak işi gyzgalaňly dowam edýär. Web saýtyň hyzmatlar bölüminde häzirki wagtda hojalyk hyzmatlary, şahsy ideg, arassaçylyk işleri, gurluşyk, logistika, durmuş hyzmatlary, kompýuter bilen işlemek, foto we wideohyzmatlary, çäreleri guramak, goşmaça okuw sapaklary, awtoulag hyzmatlary, tikinçilik öýleri, syýahatlary guramak ýaly ugurlar bar.
Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, häzirki wagtda ulanyjylary we hyzmat edijileri hasaba almak işleri dowam edýär. Isleg bildirýänler web saýtyň we ykjam programmanyň baş sahypasynda ýerleşdirilen «Ulanyjy ylalaşygyny» gözden geçirip, degişli şertler we jogapkärçilikler bilen tanyş bolanlaryndan soň, agza bolup, hödürleýän hyzmatlary baradaky maglumatlary suratlary bilen bile ýerleşdirip bilerler.

