Sanly tehnologiýalaryň döwründe sanly hyzmatlary hödürleýän hususyýetçiler, web studiýalar barha köpelýär. Olaryň biri hem «Tmcraft» web studiýasydyr. Paýtagtymyzda ýerleşýän web studiýa birnäçe wagt bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. «Tmcraft» web studiýasy bilen www.tmcraft.ru web saýtynda giňişleýin tanyşmak mümkin. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky №45 (739) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen makalada habar berildi.
Web studiýada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan dizaýnerler, programma düzüjiler, IT hünärmenleri zähmet çekýärler. Olar müşderileriň isleglerini öwrenip, işleri ýokary hilli we öz wagtynda tabşyrmak üçin jan aýaman zähmet çekýärler. Hünärmenler topary tarapyndan saýt wizitka, kärhananyň saýty, onlaýn market, saýt katalog, iOS we Android gurluşlar üçin niýetlenen programma üpjünçiligi, web dizaýn ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Web studiýanyň hünärmenleri işe girişmezden ozal, müşderiniň pikirleri we islegi bilen tanyşýarlar. Soňra öň amala aşyrylan taslamalar, işiň yzygiderliligi bilen müşderileri tanyşdyrýarlar. Müşderi bilen bir pikire gelnenden soňra işe girişilýär. Işiň dizaýny, maketi ilkibaşda müşderi, ýagny sargyt ediji bilen maslahatlaşylýar. Sebäbi web saýtyň dizaýny esasy elementleriň biri bolup, ol ulanyjylarda aýratyn täsir galdyrýar. Soňra saýty düzmek, maglumatlary ýerleşdirmek işlerine girişilýär. Taslama tamamlanandan soňra degişli synaglardan geçirilip, müşderilere gowşurylýar. Şeýle-de web studiýanyň hünärmenleri tarapyndan saýt bilen işlemek ýaly ugurlar boýunça okuwlar hem geçilýär.
«Tmcraft» web studiýasy müşderilere aýratynlykda çemeleşişi, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy, işleriň ýokary hili we takyklygy, taslamanyň öz wagtynda amala aşyrylmagy, maglumatlaryň goraglylygy, doly derejede kanagatlanan müşderileri bilen aýratyn tapawutlanýar.

