Alyp barýan işini sanly ulgamda mahabatlandyrmak, işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak isleýän ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri we beýleki raýatlary www.vsetm.ru web saýtyna ýüz tutup bilerler. Bu ýerde ýönekeý web saýtlardan başlap, sosial ulgamlardaky sahypalary döretmek we alyp barmak, internet dükanlary döretmek, mobil goşundylar, programma üpjünçiligi ýaly jogäpkärli işler amala aşyrylýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky №45 (739) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen adybir makalada habar berildi.
Web saýtyň baş sahypasynda dürli ugurlar degişli bölümlere bölünip, gyzyklanma bildirýän taraplar gerekli maglumatlaryny şu ýerden alyp bilerler. Şeýle-de web saýtda müşderiler tarapyndan köp soralýan sowallara hem jogaplary tapmak bolýar. Işewürlikde web saýtyň möhümdigi, häzirki wagtda müşderileriň 70 göterimden gowragynyň söwda etmek ýa-da telekeçileriň alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanýandygy bellenilýär. Saýt döretmek, programma üpjünçiligi babatda isleg bildirýän müşderiler sargyt etmek üçin info@vsetm.ru elektron salgysyna ýazmak ýa-da web saýtda maglumatlary doldurmak arkaly göni habarlaşyp bilerler.

