Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde milli ykdysadyýetimizi dünýä tejribesine laýyklykda sanlylaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» döwrüň möhüm talaby bolan bu işleri amala aşyrmagyň wajyp çäreleri bellenýär. Şol möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary aýratyn işjeňlik görkezýärler. Ýurdumyzyň sebitlerinde hususy pudagyň wekilleri tarapyndan açylýan täze önümçilik toplumlary sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilip, munuň özi öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini yzygiderli artdyrmaga ýardam berýär. Bu barada Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň talyby Geldimyrat Geldimyradowyň «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky №45 (739) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly» atly makalasynda maglumat berildi.
Hususan-da, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy hususy önüm öndürijilere önümi ýerlemegiň ähli tapgyrlaryna onlaýn görnüşde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol taýýar önümleri önümçilik desgasyndan ugratmakdan başlap, bellenen ýere çenli bolan aralygy, ýola sarp edilen wagt, ýüküň agramy, saklanyş derejesi, ugradylýan ýurduň hem-de alyjynyň ady baradaky maglumatlary berip durýar. Sanly ulgamyň şeýle mümkinçilikleri bar bolan meseleleri öz wagtynda oňyn çözmekde, harytlaryň içerki, häzirki mahabat ýagdaýyny, alyjylaryň isleglerini nazara almak arkaly olary daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamakda aýratyn ähmiýetlidir.
Ýeri gelende bellesek, tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Çünki Türkmenistan döwletimiziň ösüşiniň geljegi daşarky şertler — dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şu jähetden, döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, barha ýokary depginlere eýe bolýan sanlylaşdyrmak işini degişli tehnologiýalar bilen üpjün edýän howpsuz IT infrastrukturanyň döredilmegini strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezýär.
Oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribä, döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, sanly ulgamyň ulanylmagy kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de internetiň ösmegi we smartfonlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olary ulanyjylar her gün özleriniň hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler. Hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagy az wagtyň içinde uly göwrümli maglumatlary işläp bilýän kuwwatly, ygtybarly we çeýe tehnologik ulgamyň döredilmegidir, hyzmatlaryň tutuş toplumyny hödürlemekdir. Bu bolsa Türkmenistanyň maliýe-bank edaralaryny tehnologik taýdan özgertmegiň wajyp ugrudyr. Sebäbi bank hyzmatlary babatda geçirilýän sanly özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy, hyzmatyň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar.
Sanly ulgama geçmekde söwda ulgamyna-da möhüm orun degişlidir. Şu jähetden, ýurdumyzda internet arkaly söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu ulgamda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, sanly ekoulgamyň, innowasion işewürlik nusgasynyň emele gelmegini nazara almak bilen, netijeli hukuk binýady döredilýär we yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwrüň sarp edijileri amatlylyga, ekologik taýdan arassalyga uly üns berýär, wagtyny tygşytlamaga çalyşýar, özüne aýratyn çemeleşmäni talap edýär. Olar maglumatlary almak üçin sanly tehnologiýalardan, dürli çeşmelerden işjeň peýdalanýarlar.
Sanly ulgama geçilmegi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin oňaýly mümkinçilikleri döredip, hormatly Prezidentimiz bu ulgamy goldamaga aýratyn üns berýär. Ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň işe girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagy bilen birlikde, ulgamdaky sanly özgertmeler dolandyryş çemeleşmelerinde düýpli özgerişlikleri hem göz öňünde tutýar. Munuň özi kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna giň ýol açýar. Sanly ulgama geçmegiň netijesinde döredilýän gurallaryň giň gerimli bolmagy hususy işewürligi ýola goýmaga we ösdürmäge ýardam edýär. Dünýäniň islendik sebitindäki işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

