«Thermal Earring» diýen at bilen «akylly» termiki gulakhalkalary döredildi. Bu barada «washington.edu» internet neşiri habar berdi.
Waşington uniwersitetiniň alymlaryndan ybarat bolan topar saglyga yzygiderli gözegçilik etmek üçin «akylly» termiki gulakhalkalary döretdiler. Deslapky synaglar enjamyň iýmit, maşk we galagoplulyk bilen baglanyşykly temperaturanyň üýtgemelerini kesgitlemek ukybyny görkezdi. Gulakhalkalar köp babatda adaty «akylly» sagatlardan has takyk hasaplanyldy.
«Thermal Earring» diýen at bilen hödürlenjek gulakhalkalar ululygy we agramy boýunça kagyz gysgyjynyň ölçegleri bilen deňeşdirilýär. Enjam magnit gysgyçly iki datçikden ybarat bolup, şolaryň biri gulakhalkanyň gulaga dakylýan böleginde ýerleşýär, otagyň temperaturasyny seljerjek ikinjisi bolsa onuň aşaky böleginden asylýar. Ulanmagyň ýeňilligini üpjün etmek üçin inženerler enjamyň takyklygyna täsir etmeýän rezin hem daş böleklerini çalyşmak mümkinçiligi bolan bezeg nusgalaryndan peýdalandylar.
Alymlar temperaturany gulakhalkalar boýunça seljermegiň bedeniň temperaturasyny daşky gurşawyň aýratynlyklaryndan görnetin tapawutlandyrmaga mümkinçilik berendigini we ölçegleriň takyklygyny ýokarlandyrandygyny belleýärler. Mundan başga-da, enjama «Bluetooth» elektron göterijisi we batareýa oturdyldy. Energiýanyň optimal sarp edilmegi sebäpli, gulakhalka elektrik ulgamyna birikdirilmezden, 28 güne çenli işläp biler.

