MWC (MOBİLE WORLD CONGRESS) 2022’de TANYŞDYRÝAN IŇ GOWY 4 GADJETLER.

Tehnologiýa dünýäsindäki iň möhüm çäreleriň biri Mobil dünýä Congresi (MOBİLE World Congress) şu hepde Barselonada geçirildi. Bütin dünýäde dowam eden pandemiýa sebäpli iki ýyl bäri fiziki taýdan düzgünleşdirilmedik Mobil dünýä kongresi, iki ýyllyk arakesmeden soň ähli tehnologiki ekosistemany bir yerde jemledi.28 fewral – 3-nji mart aralygynda gurnalan MWC 2022 ýarmarkasynda ençeme köp täze önüm görkezildi. Hödürlenen önümleriň arasynda smartfonlardan noutbuklara, çalt zarýad beriş tehnologiýalaryndan planşetlere çenli gaty üýtgeşik önümler bardy. Size 2 makalada Mobile World Congress 2022-de hödürlenen iň oňat önümlere has içgin serederis.

Honor Magic4 Pro

Iň özüne çekiji smartfon modelleriniň biri bolan Magic4 Pro, Huawei-iň ýan markasy hökmünde durmuşymyza giren Honor tarapyndan hödürlendi. Magic4 Pro modeli 6.81 dýuýmlyk LTPO dört tarapdan egrilen ekran we inçe ramkalary bilen gelýär.

https://youtu.be/f4DFvhRDKZo

Örän owadan dizaýny bolan Honor Magic4 Pro 50 megapiksel 1 / 1.56 dýuým reňk datçigi, 64 megapikselli 122 dereje Ultra giň kamera, 50 megapikselli Periskop telefoto kamerasy we giňiş kamera eýe.

100 Wt çenli çalt zarýad beriş goldawyna eýe bolan Honor Magic4 Pro 15 minutda 60 göterim zarýad , 30 minutda doly zarýad alyp bolýar.

Samsung Galaxy Book 2 Pro 360

Samsung -yň meşhur planşet we noutbuk maşgalasynyň iň täze agzasy Samsung Galaxy Book 2 Pro 360, hem MWC 2022-iň çäginde hödürlenen önümleriň arasynda. Goýy guzyl, grafit we kümüş ýaly 3 reňk görnüşi bilen gelýän Samsung Galaxy Book 2 Pro 360 seriýasy iki modeli hödürleýär.

Samsung Galaxy Book 2 Pro 360 seriýasy 13,3 we 15,6 dýuým ekranly iki modelde gelýär. S Pen goldawyna eýe bolan Samsung Galaxy Book 2 Pro 360 hem aýlanýan gurluşy bilen planşet hökmünde ulanylyp bilner. AMOLED ekrany bolan Samsung Galaxy Book 2 Pro 360 maşgalasynyň başlangyç bahasy 1250 dollar.

Oppo SuperVOOC 150W we 240W

Smartfon dünýäsiniň iň çalt ösýän ugurlarynyň birine öwrülen çalt zarýad beriş tehnologiýalary her geçen gün täzesi bilen ösüşde Hytaýda ýerleşýän smartfon bazaryndaky iň möhüm oýunçylaryň biri, Oppo, MWC 2022-de täze çalt zarýad beriş tehnologiýalaryny tanyşdyrdy.

Oppo tarapyndan hödürlenen SuperVOOC çalt zarýad beriş tehnologiýasy, smartfonlara 150 W we 240 W zarýad bermäge mümkinçilik berýär. Oppo tarapyndan berlen maglumata görä, 4 müň 500 mAh akkumulýatorly smartfonlara 150 Wt çalt zarýad bermek bilen 5 minutda 50 göterim zarýad berip bolýar.

240 Wt çalt zarýad beriş tehnologiýasyna seredenimizde, smartfonlaryň ajaýyp tizlikde zarýad alyp bolýandygyny görýäris. Oppo-nyň maglumatlaryna görä, 4 müň 500 mAh akkumulýatorly smartfonlara bary-ýogy 9 minutda 240 W simli çalt zarýad bermek bilen doly zarýad berip bolýar.

Realme GT 2 Pro

Hytaýyň smartfon öndürijilerinden biri bolan Realme -niň täze flagman modeli MWC 2022-de resmi taýdan hödürlendi. Realme GT 2 Pro atly model, tehniki aýratynlyklary we üstünlikli dizaýny bilen çäräniň iň gowy modellerinden biri bolmagy başardy.

https://youtu.be/2wzTcNR4fkw

Jemi 4 reňkli, ak, ýaşyl, gara we gök reňkli Realme GT 2 Pro 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekran Qualcomm-yň SM8450 Snapdragon 8 Gen 1 (4 nm) prosessor bilen işleýän Realme GT 2 Pro 8 – 12 GB RAM we 128 – 256 – 512 GB içerki ýat görnüşlerini hem hödürleýär.F / 1.8 diýafram açyklygy 50 megapikselli esasy kamera, f / 2.2 diýafram açyklygy 50 megapiksel giň burçly kamera we 3 megapikselli mikroskop kamerasy bolan Realme GT 2 Pro hem 5000mAh akkumulýator ulanýar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top