MWC (MOBİLE WORLD CONGRESS) 2022’de TANYŞDYRÝAN IŇ GOWY 4 GADJETLER. 2-NJİ BÖLÜM

Şu ýylyň 28-nji fewral 2nji mart aralygynda Barselonada geçirilen Mobile dünýä kongresinde tanyşdyrylan möhüm gadjetleri dykgatyňyza ýetirmekde dowam edýäs.

Huawei MatePad Paper

Batareýany tygşytlamak aýratynlygy bilen tapawutlanýan Huawei markasynyň täze planşeti MatePad Paper-i hödürledi . 10.3 dýuýmlyk planşet bolan Huawei MatePad Paper, elektroniki kitaplarda görülýän elektron syýa (электронные чернила Gözleri ýadatmaýan agramaýan aýratynlyklary bolan e-kitaplar kagyzda çap edilişine gaty meňzeýän ekran ) tehnologiýasyny ulanýar.

Huawei tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasiýa ulgamyny ulanýan, Huawei MatePad Paper 1448 × 1072 piksel durulykda ekrany bar. Huawei tarapyndan işlenip düzülen Kirin 820E 5G prosessoryndan kuwwatyny alypýan enjam Huawei-iň M-Pencil ruçkasyny hem goldaýar. Bahasy 550 dollar.

Poco X4 Pro

Xiaomi -niň ýan markasy hökmünde durmuşymyza giren Poco hem täze önümlerini MWC 2022-de hödürlendi. Bahasyna göre güýçli önümler bilen tanalýan Poco, Poco X4 Pro 5G modelini tanyşdyrdy. 6.67 dýuýmlyk durulygy 1080 x 2400 piksel AMOLED ekran bilen enjamlaşdyrylan Poco X4 Pro 5G Sary, gara we gök ýaly 3 reňk görnüşini hödürleýär. Agramy 205 gram we galyňlygy 8,1 mm.

https://youtu.be/pdLgRY0QFOY

Qualcomm-yň SM6375 Snapdragon 695 5G (6 nm) prosessor bilen işleýän Poco X4 Pro-da iki dürli wariant bar: 6 GB RAM – 128 GB içerki ýat we 8 GB RAM – 256 GB içerki ýat. Arka tarapynda 3 kamerasy bolan Poco X4 Pro modeliniň bahasy 319 ýewro.

OPPO Find X5 Pro

MWC 2022-iň çäginde hödürlenen başga bir möhüm smartfon modeli Oppo Find X5 Pro boldy. Oppo-nyň täze flagmany Oppo Find X5 Pro, 1440 x 3216 piksel durulykda 6,7 ​​dýuýmlyk AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylandyr.

https://youtu.be/KGEKfTQ1u5U

Qualcomm-yň SM8450 Snapdragon 8 Gen 1 (4 nm) prosessoryny ulanjak X5 Pro Hasselblad goldaýan kamera massiwine eýe. Arka tarapda 3 kamera hödürleýän Oppo Find X5 Pro, 5000 mAh akkumulýatory 80 W kabelli çalt zarýad beriş goldawy bilen 12 minutda 50 göterim zarýad alyp bilýär. OPPO Find X5 Pro modeliniň bahasy 1300 ýewro.

Lenovo IdeaPad Duet 3 Chromebook

Pandemiýa bilen, okuwlar online öýlere göçüp barýan häzirki wagtda örän möhüm alternatiw bolan Chromebook modellerine täzesi goşuldy. Noutbuk dünýäsiniň möhüm markalarynyň biri bolan Lenovo MWC 2022-de täze Chromebook modelini hödürledi.

Lenovo IdeaPad Duet 3 Chromebook modelini planşet hem noutbuk hökmünde ulanyp bolar ýaly edip işlenip düzülen. 2K durulykly 13,3 dýuým ekran hödürleýän Lenovo IdeaPad Duet 3 Chromebook, Qualcomm-yň Snapdragon 8cx Gen 3 prosessoryny ulanýar. 28 sagada çenli batareýanyň ömrüni hem hödürleýän “IdeaPad Duet 3-iň bahasy 400 dolardan başlayar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top