Nauşnik we zarýad berijisiz smartfonlardan gazanylan milliardlar.

2020-nji ýyla gelip bilen, Apple köpleri geň galdyran karary yglan etdipdi. Kompaniýa iPhone 12 smartfonlaryny EarPods nauşniksiz we zarýad adapteriz gutyda hödürledi we galan smartfonlar hem edil şonuň ýaly dowam etdi. Kompaniýa munuň daşky gurşawa aladalanmak we önümleriniň ekologiýa taýdan arassa bolmagy ýaly ýaşyl sebäplere salgylandy. Daily Mail -iň habaryna görä, Apple şol kararyndan bäri şu güne çenli jemi 6,5 milliard dollar ýaşyl girdeji gazandy.

Ekspertleriň aýtmagyna görä nauşnik we zarýad berijini gutudan aýyrmak bilen Apple her bir smartfondan 35 dollar peýda gören, we şular ýaly iPhonlaryň şu güne çenli 190 million töweregi satylandygyny çaklaýarlar. Iki aksesuar aýrylmagy şerekete smartfonlary has kiçi we ýeňil gutularda gaplamaga mümkinçilik berdi, şol bir wagtyň özünde iPhone-ny eltip bermek 70 göterim köpelip çykdajylary bolsa 40 göterim azaldy.

Gutulardan iki aksesuar aýrylsa-da, Apple smartfonyň bahasyny arzanlatmady. Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylar täze 20W çalt zarýad beriji adapterleri we EarPods nauşniklerini 19 dollara satyn almaly boldular. Görnüşi ýaly, kompaniýa gutyda iki önüm goşmagy bes edeninden bäri şu güne çenli aksesuar satuwynda 293 million dollardan gowrak girdeji gazandy.

Geçen gün, Apple-niň metbugat wekili 2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň önümleriniň hemmesiniň nol uglerod täsirine eýe boljakdygyny aýtdy.

“Geljekdäki ädimleriň biri önümlerimizde we gaplamalarymyzda ulanylýan materiallary azaltmakdyr. Bu 2 million metrik tonnadan gowrak uglerod zyňyndylaryny azaltmakda möhüm ädim – ýylda 500 000 awtoulag ýoldan alynmagyna deňdir. “

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top