Samsung nobatdaky Galaxy Event üçin çakylyk paýlaşdy.

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy geçen aý ýokary derejeli Galaxy S22 seriýasy enjamlaryny, soňra bolsa şu güne çenli birnäçe býudjetli smartfonlary hödürledi. Kompaniýa, 17-nji martda Türkmenistan wagty bilen sagat 19: 00-da boljak täze onlaýn Galaxy A Event üçin öz web sahypasynda çakylyk ýerleşdirdi.

Samsung-yň penşenbe güni haýsy täze enjamlary hödürlejekdigi entek belli däl. Dürli dizaýnda A harplary bilen bezelen resmi tizer suratyndan aýtmak kyn, ýöne şereketiň birnäçe gün ozal Galaxy A23 we A13-leriň tanyşdyrylan dygyny nazara alsak Galaxy A33, A53-iň we A73, bu modelleriň Samsung -yň täze tanyşdyryş çäresinde görüp biljek smartfonlarymyz bolmagy ähtimal. Habarlara görä, Samsung indiki nesil orta segment smartfonlaryň gutusyndan zarýad beriji adapterini aýryp biler. Şeýle hem, 3.5mm jack porty hem bu modellerden aýyrýar.

Onlaýn tanyşdyrylyşy Samsung-yň resmi YouTube sahypasynda

https://youtube.com/c/Samsung

ýa-da Samsung Newsroom

resmi web saýtyndan göni ýaýlymda görüp bilersiňiz.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top